Tehnologiýanyň ösmegi bilen köp ugurlarda “az zat bilen köp zat etmek” derejesine ýetdik. Senagatda, hyzmat pudagynda we hatda şahsy durmuşymyzda hem tehnologiýalardan peýdalanýarys. Tehnologiki ösüşler ýakyn ýyllarda has-da artar. Tehnologiki ösüşler ilki ykdysady, soň bolsa syýasy we jemgyýetçilik durmuşymyza täsir eder. Geljekki 30 ýylda, soňky 1000 ýyldakydan hem has köp üýtgeşiklik bolar. Bu üýtgeşmeleriň iň möhüm hereketlendiriji güýji emeli aň ýa-da başgaça aýdylanda emeli intellekt bolar.

Emeli intellekti uly maglumatlary ulanýan maşynlarda pikirleri, düşünjeleri we hereketleri modellemek diýip kesgitleýäris. Başgaça aýdylanda, emeli intellekt kompýuterlere “akylly” jandarlara meňzeş dürli çäreleri işjeňleşdirmäge we adamlar ýaly çylşyrymly meseleleriň çözgütlerini tapmaga mümkinçilik berýän ylym pudagydyr. Aslynda, emeli intellekt biziň durmuşymyzda uzak wagt bäri bar. Google we Apple’s Siri ýaly gözleg motorlary, gündelik durmuşda ulanýan emeli intellektiň mysallarydyr.

Geljekdäki çaklamalary bilen meşhur bolan Reý Kurzweiliň pikiriçe, hatda 35 ýyldan kiçi kompýuterlerem ähli adamlaryň umumy akyllaryndan has akylly bolar. IBM, Google, Amazon, Apple, Microsoft, Toyota, Facebook, Tesla we SalesForce ýaly ägirt uly tehnologiýa kompaniýalary emeli intellekt ulgamlaryny ösdürmek üçin milliardlarça dollar sarp edýärler.

Emeli intellektiň çalt ösmeginiň netijelerini hiç kim doly çaklap bilmez. Kellämizde jogap berip bilmeýän köp sorag bar; Emeli intellekt durmuşymyzda näme aňsatlaşdyrar? Adamlaryň ýerine emeli intellekt robotlary haýsy işleri ýerine ýetirer? Emeli intellekt işsizlige sebäp bolarmy?

Göz öňünde tutulan üýtgeşmeler

Emeli intellektiň sebäp boljak bir hakykaty bar; Häzirki wagtda adamlar tarapyndan öňünden aýdylýan ähli işler kompýuterler tarapyndan amala aşyrylar. Oksford uniwersiteti tarapyndan geçirilen gözlegiň netijesine görä, Amerikadaky işleriň 50% -i emeli intellektiň ösmegi bilen 15-20 ýylyň içinde ýok bolar.

Geliň, dürli pudaklardan birnäçe mysallary getireliň, hat-da olaryň käbiri durmuşa hem geçirildi;

Saglyk

Näsaglar öz alamatlaryny telefonyň beýleki ujundaky emeli intellekt bilen düşündirerler we kameralaryny emeli intellektiň görmek isleýän ýerlerini görkezerler. Emeli intellekt ulgamy hassalara agyry kesiji serişdesini kabul etmegi ýa-da gysga wagtda lukmana ýüz tutmagy maslahat berer.

Emeli intellekt lukmançylyk şekillerini okar we düşündirer. Şeýlelikde, lukmanlaryň işini çaltlaşdyrar we ýeňilleşdirer.

Emeli intellekt lukmanlara maglumatlary ulanyp keselleri anyklamaga kömek eder. Näsagda alamatlar döredýän ýüzlerçe sebäpler bolup biler. Iň oňat lukman hem hemme zady ýatda saklap bilmeýär.

Bilim

Emeli intellekt okuwçylary gaty gowy tanap biler, okuw ýagdaýlaryny yzarlap, derslerde we okuwçylara laýyk tizlik bilen öser. Bilim hakykatdanam şahsylaşdyrylar.

Maliýe

Bir telekeçi aksiýalary satyn almak we satmak ýaly maýa goýum kararlaryny emeli intellektlere geçirerler.

Robotlar banklarda (we şuňa meňzeş pudaklarda) arka işgärleriniň işini ýerine ýetirer. Häzirki wagtda “Bloomberg” kompaniýasy köpçülige satylýan kompaniýalaryň maliýe hasabatlaryny çap edýän robotlara eýe.

Ulag

Sürüjisiz awtoulaglar (emeli intellekt bilen işleýän) bilen, awtoulag, awtobus, mikroawtobus we sürüjilerine zerurlyk bolmaz. Türkiýede azyndan 4 million awtoulag we ýük awtoulag sürüjisi bar.

Güýmenje

Gözleg we syýahatçylyk agentliklerine esaslanýan hyzmat pudaklary ýok bolar. Emeli intellekt bu işi eder.

Beýlekiler

Ofisiantlar, ofis dolandyryjylary, arassalaýjylar we gözlegçiler ýaly hünärler emeli intellekt tarapyndan ýerine ýetiriler. Mysal üçin, emeli intellekt ýygnaklarymyzy diňlär we internet gözlegleri arkaly bize peýdaly maglumatlary berer.

 Erkin ANNAGELDIÝEW

 Türkmen oba hojalyk institutynyň

Agronomçylyk fakultetiniň

    4-nji ýyl talyby