Pasyllaryň soltany bolan baharyň gelmegi bilen tutuş tebigat janlanýar. Ajaýyp dünýäli bahar nurana baýramlaryň biri bolan Nowruz baýramynyň gelendigini buşlap, kalbymyzy iň gowy duýgulara besleýär. Bereketli türkmen topragynda ýylyň her bir pasly özüniň özboluşly owadanlygy, gaýtalanmajak gözellikleri bilen gelýär. Nowruzyň gelmegi bilen howa maýlaýar, tebigat ajaýyp görnüşe girýär.

“Nowruz” sözi täze gün diýmegi aňladýar. Bu täze ýylyň başlangyjydyr. Ol gije bilen gündiziň deňleşýän wagtyna gabat gelýär. Öz näzik duýgularyny, süýji arzuw-hyýallaryny ýüreginde saklaýan gyzlar üçin bolsa nowruz gijesi aýratyn bir jadyly güýje eýe bolupdyr.

Bu baýramda adatça mährem ene-mamalarymyz hem-de gelin-gyzlarymyz tarapyndan her kimiň söýgüli tagamy bolan semene bişirilip, ony garyndaşlara, goňşulara we myhmanlara hödür edilýär. Semene çagalaryň hem her ýylda sabyrsyzlyk bilen garaşyp iýýän söýgüli tagamlarynyň biridir. Semene nowruz baýramçylygyndan başlap ýaz aýlarynyň ortalaryna çenli taýýarlanýan tagamlaryň biridir. Semene taýýarlanylanda bugdaý dänelerini arassalap, arassalanylan dänäni tekiz ýerik ýaýradylýar, soňra bolsa arassa örtük bilen ýüzi örtülýär we şol örtük örtülen däne gögerýänçä 4-5 günläp suw sepilýär, bellenilen güniň dowamynda däne gowy gögerenden soň bolsa üwelip krahmal suwuklygy alynýar, alynan krahmal suwuklygynyň üstüne un goşulup garylýar, soňra gazanda gyzyp duran ýagyň üstüne goşulýar we iki gün üznüksiz garylmagy dowam etdirilýär. Iki gün garylyp taýýar bolan semenämiziň hiç hili tagamy dadylman gazanyň gapagy ýapylýar we 5-6 sagat semene demine goýulýar. Taýýar bolan semene baýramçylyk saçagyna goýulyp, dost- ýarlara, goňşy-golamlara dadyrylýar. Goý, bu ýylky gelen Nowruz öz ýylylygy, mylaýymlygy we owadanlygy bilen her bir türkmen halkyna rysgal-bereket, babadaýhanlarymyza bol hasyl getirsin!

  SAPAROWA Maýa

  Daşoguz şäheriniň 34-nji çagalar bakja- bagynyň müdiri