Paýtagtymyzdaky”Ýyldyz” myhmanhanasynda 2025-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Söwda-senagat edarasy tarapyndan «TMT Consulting Group» kompaniýasy bilen bilelikde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Fo­ru­ma gatnaşmak üçin 26 ýurt­dan 200-den gow­rak wekiliň Aşgabada gelendigi aýratyn bellärliklidir.

Munuň özi Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň gün-günden ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýle-de,ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, daşary ýurtly maýadarlar, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary, şeý­le hem ykdysadyýet we innowasiýalar ulgamyndaky hünärmenler hem halkara foruma işjeň gatnaşdylar.

Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen bu halkara forum Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakalarynyň hatarynda taryh gatlarynda möhürlendi.

Serdar BAKGALOW,

Türkmen Döwlet maliýe institutynyň 2-nji ýyl talyby.