Arassa howada gezelenç etmek adam saglygy üçin örän peýdalydyr. Ol bedeniň kislorod bilen üpjünçiligini artdyryp, beýniniň has gowy işlemegine kömek edýär. Daşarda gezmek stres derejesini peseldip, ruhy saglygy gowulandyrýar. Bedeniň hereketde bolmagy myşsalary berkleşdirip, umumy fiziki ýagdaýy gowulaşdyrýar. Gün şöhlesi D witamininiň emele gelmegine kömek edip, süňkleriň berk bolmagyny üpjün edýär. Arassa howada gezelenç immunitet sistemasynyň güýçlenmegine hem täsir edýär. Şeýle gezelençler ýürek-damar ulgamynyň saglygyny goramaga kömek edýär. Daşarda hereket etmek ukynyň hilini gowulaşdyryp, beden dynç almagyna ýardam berýär. Şeýle-de, tebigat bilen arabaglanyşyk adamyň psihologik taýdan rahatlanmagyna kömek edýär. Ýuwaş gezmek we çuňňur dem almak nerw ulgamyny durnuklaşdyrýar. Çagalara arassa howada gezelenç etmek ösmegi we beden taýdan sagdyn bolmagy üçin peýdalydyr. Daşarda bolmak adamda döredijilik ukybynyň artmagyna we täze pikirleriň döremegine itergi berýär. Şeýle gezelençler zähmet öndürijiligini we üns jemleýiş ukybyny ýokarlandyrýar. Arassa howada wagt geçirmek ganyň aýlanyşyny gowulandyrýar we maddalaryň alyş-çalşyny çaltlaşdyrýar. Şonuň üçin saglygy goramak üçin her gün arassa howada gezelenç etmek maslahat berilýär. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde eziz Diýarymyzyň çar künjegini bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen bag ekişlik çäreleri yzygiderli alnyp barylýar. Elbetde, bag nahallarynyň köp otyrdylmagy biziň tämiz we päkize howamyz üçin örän möhümdir.
Selbi Amanowa,
Myrat Garryýew adyndaky
TDLU-nyň Medisina ekologiýasy we
gigiýenasy kafedrasynyň uly mugallymy.