Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp oba hojalygynda dürli görnüşli programmalar peýdalanylýar: soil, NPK kalkulýator, learn to make organic fertilizer, fermerler mekdebi, agrokömekçi, aqua crop we şoňa meňzeş programmalar giňden peýdalanylýar. Ulanylýan sanly programmalaryň kömeginde oba hojalygynda ýerine ýetirilýän zähmet işiniň ýeňilleşdirilmekligi, önümiň özüne düşýän gymmatynyň peselmekligi, düşewüntliligiň bolsa ýokalanmagynda uly ähmiýeti bar.

Mineral dökünleriň oba hojalyk ekinleri üçin takyk mukdarlaryny hasaplamakda birnäçe kynçylyklar ýüze çykýar:

• Uzak wagt talap edilýar;

• Birnäçe matematiki amallary ýerine ýetirmek zerurlygy döreýär;

• Oba hojalyk ekinleriniň mineral dökünleri talap edijilik mukdarlary zerur bolýar;

• Oba hojalyk ekinleri ekiljek meýdanyň topragynyň mehaniki düzümi, şorlaşma derejesi barada maglumatlar zerur bolýar;

• Ähli maglumatlar jemlenenden soňra mysaly hasaplamalary zyygiderlilikde hasaplamaly.

Göz öňünde tutulan birnäçe kynçylyklary aradan aýyrmak üçin sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, tiz wagtda takyk dökün kadasyny kesgitlemekde NPK kalkulýatory ulanmak amatly çykalga hasaplanýar. NPK kalkulýatoryny ulanmaklygyň esasy maksatlary aşakdaky ýaly:

– häzirki wagtda oba hojalygynda, ekerançylarda, kärendeçiler we daýhanlarda dökün ulanmakda ýüze çykýan meseleleri çözmekde ýakyn kömekçi bolup durýar;

-mineral dökünleriň oba hojalyk ekinleri üçin artykmaç ulanmaklygyň öňüni almak;

-mineral dökünleriň zerur bolan mukdarlaryny netijeli ulanmakda we daş-töweregi himiki serişdeler bilen hapalanmagynyň öňüni almakda;

– ösümliklere iýmit elementleriniň ýetmezçiliginiň öňüni almakda azot, fosfor we kaliý elementlerini ýeterlik mukdarda ulanmakda;

-geljekgi hasylyň hiliniň gowy bolmagynda mineral dökünleriň tygşytly-rejeli kadada ulanmakda.

Ösümliklere berilýän mineral dökünleriň esasy görnüşleri bolan karbamid, ammiak selitrasy, ammoniý sulfaty, ammonizirlenen superfosfat, ýönekeý we ikileýin superfosfat, hlorly kaliý ýaly dökünleriň düzüminde saklanýan ösümlikler üçin peýdaly bolan iýmit elementleri esasan N (azot), P (fosfor), K (kaliý) hasaplanýar. Ösümliklere zerur bolan dökünleriň düzümindäki NPK ýaly iýmit elementleriniň mineral dökün bilen berilmeli mukdarlaryny takyk kesgitlemeklik üçin “NPK kalkulýator” atly sanly programma döredilendir. NPK kalkulýator programmasy oba hojalyk ekinlerine zerur bolan azot, fosfor we kaliý iýmit elementleriniň takyk mukdarlaryny çalt kesgitlemeklige niýetlenilendir.

NPK kalkulýator programmasynyň kömeginde ekiljek bolýan ekiniň görnüşi saýlanyp alynýar we garaşylýan hasyllyk sentner möçberinde degişli gözeneginde bellenilýär. Programmanyň mümkinçilikleri ekinleriň 1 sentner hasyly üçin zerur bolan NPK nyň mukdaryndan ugur alyp geljekgi hasyla gerek bolan NPK mukdaryny kilogram/gektar möçberinde kesgitläp berýär. Şeýle-de NPK kalkulýator programmasynyň ýene-de bir artykmaçlyklarynyň biri topragyň görkezijilerine baglylykda hem zerur bolan dökünleriň mukdarlaryna üýtgeşme girizip bilýär. Ýagny, topragyň düzüminde çüýrüntgi pes saklanýan bolsa, onda gerek bolan dökünleriň mukdarlaryna goşmaça dökün goşulyp hasaplanylýar. Ýa-da bolmasa topragyň şorlaşma derejesi orta we gübýçli derjede şorlaşan bolsa, programmanyň penjiresindäki topragyň görkezijileriniň içinden saýlap bellik edilen halatynda, şorlaşma sebäpli hem ylmy esasda berilmeli goşmaça dökünleriň mukdarlary hem göz öňünde tutulyp hasaplanylýar.

ORAZGÜL MYRATDURDYÝEWA

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Agronomçylyk fakultetiniň

 Agroekologiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby