Sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk, ýurtlaryň ykdysady kuwwatyny birleşdirip, umumy durnukly ösüşe ýetmkede esasy ýol görkeziji bolup durýar. Bu bolsa, halkara gatnaşyklarynda täze mümkinçilikleri döretmek, energiýa, ulag, tehnologiýa we maliýe ulgamlarnda hyzmatdaşlygyň çuňlaşmagyna esas bolup, ýurtlaryň ykdysady sistemalarynyň berkligini üpjün edýär. 19-njy martda geçirlen halkara maslahat, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly çäre arkaly, sebitleýin hyzmatdaşlygyň durnukly ösüşe goşýan täsirini giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak üçin aýratyn platforma boldy.
Maslahatyň çäklerinde gatnaşyjylar we halkara bilermenler, sebitdäki ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň häzirki dünýä ýagdaýynda näderejede möhüm ähmiýete eýedigini görkezdi. Bu çäräniň maksady, sebitleýin bazarlarynyň özara birleşmegini we täze maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek bolup, dürli ugurlarda döwrebap çözgütleriň tapylmagyna şert döretdi. Halkara guramalar, ykdysady hyzmatdaşlyklar we tehnologiýa alyş-çalyşlarynyň ähmiýeti barada pikir alyşmak arkaly hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýarlar.
Bu geçirilýän halkara maslahat sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly ösüşi gazanmagyň iň möhüm guraly hökmünde öňe sürlen täze mümkinçilikleri açdy. Bu çäre, ýurtlaryň özara ynanyşmagyny berkitmek, ykdysady ösüşi we global hyzmatdaşlygyň has-da çulaşmagyna ýol açmak maksady bilen geçirilýär. Geljekki taslamalarda bu ugurda alnyp barylýan işleriň üstünlikli dowam etmegi, sebitde parahatçylygy we ykdysady ösüşiň berkligini üpjün etmäge itergi berer.
Ogulşirin Nökerow
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby