(7-nji aprel — Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanýar)

Bütindünýä saglyk güni — ynsan saglygyny berkitmeklik, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa geçirmeklik babatdaky tagallalaryň tutuş Ýer ýüzünde rowaçlanýandygyny alamatlandyrýan şanly seneleriň biridir. Bu şanly sene her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä Saglyk Goraýyş Guramasynyň we beýleki degişli guramalaryň hemaýatkärliginde tutuş Ýer ýüzünde baýram edilýän global saglygy goraýyş günüdir. 1948-nji ýylda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Birinji Bütindünýä Saglyk Assambleýasy boldy. Assambleýa 1950-nji ýyldan başlap, her ýylyň 7-nji aprelini Bütindünýä saglyk güni hökmünde bellemeklik kararyna geldi. Bu şanly sene — Bütindünýä saglyk güni Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň esaslandyrylan gününi giňden dabaralandyrmaklyk maksady bilen döredildi.

Mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar.» – diýip örän jaýdar belleýşi ýaly, bu şanly sene ýurdumyzda 2010-njy ýyldan bäri bellenilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Bütindünýä saglyk gününi mukaddes ata Watanymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýylyň-ýylyna giňden dabaralandyrmak babatdaky asylly başlangyçlary häzirki ajaýyp zamanamyzda-da — Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem üstünlikli dowam etdirilýär.

Parasatly ata-babalarymyzyň «Ata kesbi — ogla halal», «Ata dünýäsi — ogla gönezlik» diýip örän jaýdar belleýşi ýaly, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki ugurdaş maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, lukmançylyk we sport desgalary bilen birlikde, degişli düzümleri kemala getirmek boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň aýratyn tagallalary netijesinde, paýtagtymyz Aşgabatda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde sporty ösdürmäge uly üns berilýär, munuň üçin ähli zerur şertler döredildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz dünýäde olimpiýa hereketini ösdürmäge hem mynasyp goşant goşýar. Günsaýyn ösüp özgerýän eziz Diýarymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, «Amul — Hazar 2018» atly halkara awtorallisiniň, şeýle hem Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegi parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ägirt uly sport mümkinçilikleriniň bardygyny bütin dünýä aýan etdi.

Milli senenamamyzda aýratyn orun alan şanly halkara baýramy — Bütindünýä saglyk güni mynasybetli her ýyl ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilmegi bolsa, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda özboluşly bir asylly däbe öwrüldi. Munuň özi bolsa ýurdumyzda jemgyýetçilik sagdyn durmuş ýörelgesiniň günsaýyn barha rowaçlanýandyny alamatlandyrýar.

Kakageldi Çommykow,

Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň

Agyr atletika boýunça tälimçi mugallymy.