Kärende möhletiniň başlanýan senesindäki ýagdaýa görä, kärendeçiler maliýe kärendesini özleriniň maliýe ýagdaýy baradaky hasabatlarynda kärendäni meselesi bolup duran emlägiň adalatly gymmatyna ýa-da iň pes kärende tölegleriniň getirilen gymmatyna (eger bu pul möçberi pes bolsa) deň pul möçberlerinde (şunda görkezilen gymmatlyklaryň her biri kärende gatnaşyklarynyň başlanýan senesindäki ýagdaýa görä kesgitlenýär) aktiwler we borçnamalar hökmünde ykrar etmelidirler. Iň pes kärende tölegleriniň getirilen gymmaty hasaplananda peýdalanylýan disknotirleme möçberi kärende şertnamasynda göz öňünde tutulýan göterim möçberinden ýa-da kärendeçi üçin hasaplama göterim möçberinden ybaratdyr. Kärendeçiniň ilkibaşky islendik göni harajatlary aktiw hökmünde ykrar edilýän pul möçberiniň üstüne goşulýar.

Iň pes kärende tölegleri maliýeleşdirmek üçin harajatlar bilen üzülmedik borçnamanyň azalmagynyň arasynda paýlanmaga degişlidir. Maliýeleşdirmek üçin harajatlar kärende möhletiniň dowamyndaky ähli döwürleriň arasynda borçnamanyň üzülmedik galyndysy boýunça hemişelik döwürleýin möçber bolar ýaly görnüşde paýlanmaga degişlidir. Şertli kärende tölegi olaryň ýüze çykýan hasabat döwürlerinde çykdajylar hökmünde hasaplanyp ýazylýar.

Maliýe kärendesi ulanyş tutumy alynýan aktiwler babatynda ulanyş tutumy üçin çykdajylaryň, şeýle hem her bir hasabat döwründe maliýe çykdajylarynyň ýüze çykmagyna getirýär. Kärendä alynýan aktiwleriň ulanyş tutumy boýunça hasaba alyş syýasaty eýeçilikdäki ulanyş tutumy alynýan aktiwler babatynda ulanylýan hasaba alyş syýasatyna laýyk gelmelidir we ulanyş tutumynyň ykrar edilýän pul möçberi „Esasy serişdelert“ MHMS-na laýyklykda hasaplanmalydyr. Eger kärendeçiniň kärendäniň ahyrynda kärendä alnan aktiwe eýeçilik hukugyny aljakdygy babatynda esasly ynam ýok bolsa, aktiwden şu iki möhletiň, ýagny, kärende möhletiniň ýa-da peýdaly ulanylýan möhletiniň haýsy gysga bolsa, şol möhletiň dowamynda doly ulanyş tutumy alynmalydyr.

 Hydyr AMANOW

  Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika institutynyň Maglumat Tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň Kompýuter ulgamlaryň programma üpjünçiligi hünäriniň 1-nji ýyl talyby