Geljek ýylyň dowamynda «Neuralink» kompaniýasy adamyň beýnisine görüşi gaýdyp berýän çip ornaşdyrmakçy. Bu barada «SpaceX» kosmos uçuşlary boýunça kompaniýany döredijileriň biri we dünýä belli milliarder Ilon Mask habar berdi.

Maskyň sözlerine görä, kompaniýada döredilen «Blindsight» atly enjam körlere, hatda dogabitdi batyl adamlara hem görmek ukybyny gaýdyp berer. Ol şeýle hem «Neuralink» tarapyndan alnyp barylýan täze ylmy işläp düzmeler biloňurgasyna şikes ýetip ysmaz bolan adamlaryň ýöremegini dikelder diýip hasaplaýar.

  Näzik MUHAMMETMYRADOWA

  S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Kinologiýa taýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby