Geografiki taýdan deňze göni çykalgasy bolmadyk, ösüp barýan ýurtlar häzirki döwrüň ykdysadyýetinde uly kynçylyklara sezewar bolýarlar. Şeýle ýurtlaryň dünýä bazarlaryna çykmagy beýleki döwletler bilen deňeşdirilende has kyn bolýar. Logistika çykdajylarynyň ýokary bolmagy, ulag infrastrukturasynyň çäkli mümkinçilikleri we halkara söwda gatnaşyklarynyň çylşyrymlylygy bu ýurtlaryň ykdysady ösüşine päsgelçilik döredýär.Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň meselelerini çözmek, olaryň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, söwda-ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen yzygiderli halkara maslahatlary geçirilýär. Bu maksat bilen geçirilýän möhüm forumlaryň biri hem Deňze çykalgasy bolmadyk, ösüp barýan ýurtlaryň 3-nji maslahaty bolup durýar.Bu halkara forumyň 2025-nji ýylyň awgust aýynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň hormatly Prezidentiniň ýolbaşçylygynda şu günlerde bu maslahata ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Maslahatyň üstünlikli geçirilmegi üçin ähli zerur çäreler alnyp barylýar: halkara derejesindäki myhmanlary kabul etmek üçin döwrebap desgalar taýýarlanylýar, ulag-logistika ulgamy kämilleşdirilýär we howpsuzlyk meselelerine aýratyn üns berilýär.Türkmenistanyň şeýle forumlara işjeň gatnaşmagy hem-de öňe sürýän parahatçylyk söýüji, özara hormat goýulýan halkara başlangyçlary dünýä ýurtlarynyň arasynda giň goldawa eýe bolýar. Türkmenistanda geçiriljek bu maslahat diňe bir DÇBÖÝ-leriň meselelerine däl, eýsem tutuş sebitiň durnukly ösüşine we hyzmatdaşlygyna hem itergi berer.Mundan başga-da, bu forumyň dowamynda hyzmatdaşlyk boýunça täze teklipleriň öňe sürülmegi, infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin halkara guramalar bilen gatnaşyklary güýçlendirmek we bilim hem-de ylmy-tehniki tejribe alyşmak ýaly meseleleriň hem gün tertibinde bolmagyna garaşylýar.Talyp ýaşlar hökmünde biz şeýle halkara forumlaryň ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrýandygyna guwanýarys. Şeýle çäreler biziň dünýä hemraýlygyna bolan düşünjämizi giňeldýär, Watanymyzyň ösüş ýolunda gazanýan üstünliklerine bolan buýsanç duýgymyzy artdyrýar.
Suraý GURBANOWA,
S.A Nyýazow adyndaky TOHU-nyň 1-nji ýyl talyby.