Şahsyýetiň umumy medeniýetini, onuň jemgyýetde döredijilik, işjeňlik ukyplaryny kemala getirmekde, oňat bilim-terbiýe almagynda kitaplaryň gymmatly ähmiýeti bar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky «Beýik işlere çakylyk», «Nurana geljegiň aladasynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasatymyzyň esaslary», «Ýaşlar we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy», «Ýaşlar bilim ulgamynda», «Ýaşlygyň we ýeňişleriň ýoly», «Ýaş türkmen zenanlary — Berkarar döwletiň mertebe tugy», «Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek», «Ýaşlar we şäher gurluşygy», «Watan goragy ynamly gollarda», «Milli mirasymyzyň eýeleri: edebiýat, sungat we ýaşlar», «Halkymyzy buýsandyran hoş habarlar — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleri» bölümlerinde jemlenen maglumatlar bu ugurda amala aşyrylan beýik işleri aýdyň şöhlelendirýär.

Kitabyň sahypalarynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň bilimde, ylymda, sport äleminde, gurluşykda, oba hojalygynda, saglyk we beýleki ulgamlarda gazanan üstünlikleri giňden beýan edilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň hemmetaraplaýyn goldawlaryndan ylham alýan ýaşlar eziz Watanymyzyň abraý-mertebesini belende göterýärler. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby bolsa ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy.

Nasiba ZAÝIROWA,

Daşoguz welayatynyň, Akdepe etrabynyň 41-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy.