Kynçylykly mahal beden hem ruhy hereketiň aňrybaş derejede haýallaýan mahalydyr. Has kynçylykly günler bolsa, hereketiň doly togtap, gözlegleriň petige direlýän günleridir. Şeýle mahallar we şeýle günler adama, köplenç, daşky däl, eýsem, hut içki hereketlendiriji we yş açyjy güýç we itergi gerek bolýar. Bu güýç, bu itergi, elbetde, ruhubelentlikdir. Sussupeslik, göwnüçökgünlik, bizarlyk, owarramçyllyk we şulara meňzeş ahwalatlar we gylyklar adamyň ganym duşmanydyr. Sen duşmanyňy daşdan däl, içiňden gözle! Sen duşmanyňy özgeden däl, özüňden gözle! Olar seniň ömrüňe, ömrüň manysyna we hözirine el urýan jellatlardyr. Şeýle kynçylykly döwürde sende bary-ýogy iki zadyň barlygyna düşünmegiň, olaryň saňa artykmajy bilen ýeterlikdigine düşünmegiň özi eýýäm kynçylygy ýeňmäge doly esasdyr. Bularyň birinjisi — jan saglygy, ikinjisi bolsa — başyň dikligidir. Durmuşda, birek-birege edilýän arzuwlarda häli- şindi gaýtalanyp duran, megerem, şol gaýtalanma netijesinde-de köplerimiz üçin bimanylyga öwrülen şol iki gymmatlygyň asyl, tebigy manysyny teswirläp bereýin.

Jan saglygy diýmek näme? Munuň özi diňe bir beden rahatlygy, janyň agyrysyz-ynjysyzlygy däldir. Ömrüňi ykrar etmegiň nukdaýnazaryndan onuň has düýpli, has ähmiýetli manysy bardyr. Jan saglygy — bu seniň ömrüň dowam etmek mümkinçiliginiň doly saklanýanlygydyr. Şol mümkinçilik saklanýarka, eliňde ömür dowamatyň, ertirki, birigünki, ondan soňky günlerdäki ýaşamak kepili we umydy barka, sen näme üçin sussuňy pes tutmaly, göwnüňi çökgün saklamaly, kynçylyklaryň öňünde ejizlemeli?! Eýsem, seniň alnyňda duran kynçylyklary-da sen hut öz ömrüň, durmuşyň ezizligine we hözirine zeper ýetirýändigi üçin hossa bilýärsiň ahyryn. Emma, jan saglygy mynasybetli ömrüň, durmuşyň, ýaşaýşyň öňküsi ýaly eliňde bolsa, dowam edýän bolsa, onda näme diýip gama batmaly, göwnüçökgün bolmaly?! Düşün, jan saglygynyň barlygy kynçylyklary wagtlaýyn we ötüp geçmeli bir zada öwürýändigine düşün! Janyň sag bolsa, ömrüň dowam eder, ömrüň dowam etse, alnyňy alyp duran kynçylyklar şu günden düýne, düýndenem öňňine öwrüler. Jan saglygynyň ýüzi — geljege, kynçylyklaryňky bolsa geçmişe sarydyr. Şonuň üçinem, entek janyň sagka, özüňi-de, özgäni-de günäkärlemäge hakyň asla ýokdur.

Jan saglygy — beden azatlygy, başyň dikligi bolsa — akyl azatlygydyr. Şu iki azatlyga eýe bolubam, özüňi gulçulyga, baglylyga — sussupeslige, göwnüçökgünlige salmak aklap hem, esaslandyryp

hem bolmajak peslikdir.

  Gülaýym Işanowa

  Türkmen oba hojalyk institutynyň

 Weterinar lukmançylygy fakultetiniň

    3-nji ýyl talyby