Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegi netijesinde ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlar esasynda mynasyp ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça zerur bolan işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara ählitaraplaýyn goldawlar berilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlaryň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gazanan üstünliklerine hem-de ýeten sepgitlerine bagyşlanan “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly eseri şu günki we geljekki günlerimizde ýaş nesil üçin ýankitaba öwrüldi. Şunuň bilen birlikde, esasy üns «Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 – 2030-njy ýyllar üçin strategiýasyna» çekilip, onuň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýaşlara dürli halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga mümkinçilikler döredilýär.

Geljegimiz bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, işbaşarjaň hem zehinli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň uzak taryhyň dowamynda toplan, kämilleşdiren baý durmuş tejribesine, häzirki zaman ylmynyň, medeniýetiniň gazananlaryna daýanylyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy ahlak taýdan sazlaşykly ösmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşi) kabul edilmegi döwrümiziň iň möhüm ädimleriniň biridir. Şeýle hem, “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” kabul edilmegi bilen, kämil, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn, öz halkynyň medeniýetini we däp-dessurlaryny hem-de mizemez maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilen anyk çäreler görülýär. Hormatly Prezidentimiz ýurduň ygtybarly daýanjy hem guwanjy bolan ýaşlaryň päk terbiýe, döwrebap bilim almagyna aýratyn üns berýär. Watansöýüji, giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa we ynsanperwer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda ençeme işler durmuşa geçirilýär. Şonuň üçin hem, ýaşlaryň döredijilik maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Ýurdumyzyň ýaş neslini watançylyk ruhunda terbiýelemek bilen bir hatarda, olara taryhy ösüşiň esasy maksatlaryny häzirki zaman meýillerini, döwlet syýasatynyň ugurlaryny düşündirmäge, häzirki taryhy döwürde ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň many-mazmunyny açyp görkezmäge uly üns berilýär.

Bakyýewa Gülaýym

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.