2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmeginiň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary bilen milli sungatymyza uly sarpa goýulýar. Munuň özi türkmen jemgyýetiniň parahat dünýämizi döredijilik taýdan pikir ýöredip bilýän ýaş suratkeşleri kemala getirmek möhüm şertleriň biridir

Ýurdumyz türkmen halkymyzyň gadymy taryhynyň we baý medeniýetiniň bolandygyna Galkynyşy döwrüniniň bagtyýar ýaşlarynyň ýerine ýetirýän ajaýyp sungat eserlerini şaýatlyk edýär. Watanymyzda diňe bir ýaşlar däl eýsem zehinli çagajyklar hem sungat eserlerine uly gyzyklandyrma bildirýärler. Ynha şu gün hem sungat ojagy bolan Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynda “Ak kepderi – parahatçylygyň ilçisi” atly sergi açyldy. Sungat eserlerine tomaşa etmek üçin çagalar geldiler.

Başlanyç orta mekdebiniň okuwçylary çeperçilik akademiýasynyň Altyn fond gaznasyndaky hem-de Sergiler jaýyndaky halypa mugallymlarynyň we ýaş suratkeşleriň işleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Sergide Bitarap ýurdymyzy, gözel ülkämizi wasp edýän eserleri synlamak mümkin. Şeýle hem maşgala gymmatlyklaryny, ene-ata hormat goýmak çagalara bolan söýgi ýaly durmuşy tema eserlerde öňe çykýar.

Sergide gyzyklanma döreden enelik, çagalyk we maşgala temasy türkmen şekillendiriş sungatynda uly orun tutýar. Olardan Laçyn Baýlyýewanyň “Maşgalam”, Arzuw Ataýewiň “Kim birinji”, Aýmyrat Kakabaýewiň “Ene hüwdisi” Bally Öräýewiň “Ak şäherim Aşgabat” atly eserlerinde asuda döwletimizi parahat watanymyzy, enäniň çaga bolan söýgüsin, tebigatymyzyň gözel künjeklerinde dürli oýunlar bilen meşgul bolýan çagalaryň ajaýyp pursatlary beýan edilýär. Laçyn Baýlyýewanyň “Maşgalam” atly eserinde uly agajyň astynda şadyýan maşgalanyň bahar paslynyň ýakymly howasynda dynç alýan pursatlaryny görmek bolýar. Eseriň agramly bölegini jemleýän çynar agajynyň ýanynda mähriban ene öz agtyjaklaryna gyzykly wakany gurrüň berýändigini suratkeş görkezmäne çalyşýar. Umuman eser watançylyk düýgüsyny oýarýar.

Çagalary sungata höweslendirmek üçin çeperçilik akademiýasynyň talyplary tarapynda gurnalan surat çekmek boýunça ussatlyk sapaklary geçirildi. Okuwçylary has-hem geljege tarap ylhamlandyrmak we Garaşsyz, Baky Bitarap ýurdymyza wepaly ýaşlary bolmaga höweslendirmäge itergi berýär.

Akgözel GURBANOWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik

akademiýasynyň 4-nji ýyl talyby