Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ussat şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmäge we yzygiderli ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilip berilýär.

Ynha ussat şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli eziz Diýarymyzda döwlet derejesinde bäsleşikler yzygiderli ýaýbaňlandyrylýar. Bu dabaranyň çäginde geçirilýän döredijilik bäsleşiklerini giňden dabaralandyrmak üçin “Türkmen dünýäsi” gazetiniň redaksiýanyň Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi we Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde “Dünýä akyldary-türkmen danasy” hem-de “Reňbe-reň gül açar türkmen ýaýlasy” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Şeýle-de “Edebiýat we sungat” gazetiniň redaksiýasy bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde “Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy” hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan halk teatrlarynyň arasynda yglan eden “Magtymguly, sözlär tili türkmeniň” atly döredijilik bäsleşikleri geçirilip, ylham joşgunyny dabaralandyrdy. Bu bäsleşikleriň jemi barada bolsa Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda “Magtymguly Pyragy we milli miras” atly ýurdumyzyň muzeý hünärmenleriniň bäsleşiginiň jemi geçirildi. Ajaýyp dabarany şöhlelendirýän eserler ussat şahyrymyzyň şygryýet döredijiligini beýan edýär.

Şunuň ýaly bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmeginiň özi ýaşlarymyzyň sungata we döredijilige bolan ukybyny görkezmek, zehin başarnyklaryny ýüze çykarmak, ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek ugrunda ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özeni bolup durýar. Sungat ojagymyzda döredijilik bäsleşigine gatnaşyjalary sowgatlar bilen sylagladylar.

Ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ähmiýetini, beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňden wagyz etmek, ýaş döredijeleri täze menzillere ruhlandyrmak, milli edebiýatymyzy we medeniýetimizi has-da belent sepgitlere ýetimek üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin sagbolsuny aýdýarys.

Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin.

Tawus Garajaýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

Ylym bölüminiň uly ylmy işgäri