Oba hojalyk kärhanalarynyň pudaklarynyň optimal düzümini we baglanşygyny kesgitlemek üçin çyzykly programmirlemegiň usullaryny üstünlikli peýdalanyp bolýar. Sebäbi meseläniň ykdysadymatematiki modeli çyzykly programmirlemegiň meselesiniň ähli talaplaryny ýerine ýetirýär:

-birinjiden, köp wariantli meseleligi, ýagny pudaklary utgaşdyrmagyň köp görnüşleriň bolmagy;

-ikinjiden, pudaklary baglaşdymagyň we möçberlerini kesgitlemegiň ykdysady, tehnologiki we başga şertlerini matematiki aňladyp bolýanlygy;

-üçünjiden , optimallyk ölçegini matematiki aňladyp bolýanlygy.

Şertnamalary ýerine ýetirýän, serişdeleri amatly peýdalanyp, ýokary önümçilik netijesini berýän, oba hojalyk kärhanasynyň pudaklaýyn düzümini kesgitlemeli.

Şu nukdaýzaradan hem optimallyk görkezjisi edilip dürli görkezjiler ulanylyp biliner:

1. eger-de önümçilik serişdeleriň mukdary berlen bolsa, onda umumy önümiň gymmatyny, ýerleşdirilýän önümleriň gymmatyny, arassa önümi, sap girdejini, peýdany, peydalylyk derejesini – ýokarlandyrmak bolar;

2. eger-de önümçilik serişdeleriň mukdary berlen bolsa onda maddy-pul harajadyny, zähmet harajadyny, getirlen harajatlary – kiçeldip bolýar.

Optimallyk görkezjileri her-bir aýdyň ýagdaý üçin görkezjileriň köplüginden saýlanyp alynýar. Saýlamaklyk kyn bolan ýagdaýynda mesele birnäçe optimallyk görkezjisi boýunça çözülýär. Optimallyk görkezijisi saýlanandan soň aşakdakylary anyklamaly:

-täze oba hojalyk ekinlerini we mallaryny oba hojalyk önümçiligine ornaşdyryljagyny;

-serişdeleriň çägini;

– serişdeleleriň çeşmesini;

– mesele çözülende hasaplanylýan serişdäniň mukdaryny;

– mallaryň ot iýme bolan islegini;

– mallaryň görnüşine hasaplanyljak ýyllyk optimal rasiony;

– ot- iýmleri netijeli peýdalanmak üçin zerur bolan başga goşmaça talaplary;

– oba hojalyk önümleriniň ýerleşdiriljek ýerlerini ;

-oba hojalyk önümleriniň mukdaryny;

-ölçegi çäklendirilýän pudaklary. Üýtgeýänleriň düzümi.

1 .Ekerançylyk boýunça , ga:

– önümleri satylýan ekinler (bugdaý,arpa we ş,m,);

– ot-iýmlik ekinler;

– medeni ýerler;

– tebigi ýerler.

2. Maldarçylyk boýunça, ortaça ýyl hasabynda:

-iri şahly mallar (dürli görnüşli we ýaş toparlary);

-maýda mallar (dürli görnüşli we ýaş toparlary);

-guş (dürli görnüşli we ýaş toparlary 100 guşa bir üýtgeýän);

-atlar.

3.Sentner iým birliginde optimal rasion düzmek üçin:

– rasiona girýän ot-iýmleriň görnüşlerini (optimal rasioni önümleri ýöriteleşdirlen mallar üçin kesgitlemegi göz öňünde tutmaly).

4. Serişdeleriň çeşmesi:

– ýeriň (esasy, oba hojalygyna ýaramsyz, ýeri bir görnüşden başga görnüşe geçirmek, tebigy öri we ş.m.);

-zähmetiň (işiň gyzgalaňly döwri zähmet serişdesini artdyrmak);

-esasy önümçilik gaznalary (tehnika satyn almak üçin, önümçilik jaýlaryny gurmak üçin);

-ot-iýmler (kombikorma satyn almak, kombikormany dänä çalyşmak; başga pudaklaryň önümlerini peýdalanmak- arpa, bugdaý we ş.m. samanlaryny peýdalanmak ).

5. Önümleri meýilnamadan artyk ýerleşdirmek:

– ekarançylykda;

– maldarçylykda.

6. Mesele çözülýän döwürde mukdary hasaplanylýan serişdeler (umumy önümi öndürmek üçin maddy-pul serişdeleri, satlyk önümleri öndürmek we ýerleşdirmek üçin maddy-pul serişdeleri, azot, fosfor, kaliý-dökünleri).

7.Önümçiligiň ykdysady netijeligini görkezýän gymmat görkezjileri (umumy önümiň gymmaty, satlyk önümiň gymmaty, peýda we ş.m.).

  Nurmuhammet ÇARWAÝEW

  S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Zootehniýa taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby