Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolaşçylygynda türkmen sungaty, medeniýeti, taryhy ösüşiň täze basgançaklaryna göterildi. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kabul eden Kararyna laýyklykda, 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýip atlandyrylan ýylynda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde dabaraly bellenilip geçirilmegi babatynda örän uly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle işleriň hatarynda akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmek, ýaşlar üçin möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Täze taryhy döwürde Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt uly heýkeliniň gurulmagy beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň ýaş nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Akyldar şahyryň goşgularynda watansöýüjiligiň belent waspynyň bardygy bolsa onuň gymmatly mirasynyň has-da ýokarydygyny beýan edýär. Dana Pyragynyň edebi mirasy Watana, ýurdumyzyň abadan, parahat durmuşyna, keremli topragyna bolan beýik söýgä eýlenendir.
Ýaş nesillere Watana söýgi döretmek, mertlik, gaýduwsyzlyk, il-güne wepadarlyk ýaly asylly ýörelgeler şahyryň goşgularynyň özenini düzýär. Şonuň üçin hem akyldar şahyryň goşgulary halk içinde giňden aýdylýar we nesil terbiýesinde gymmatly hazyna bolup durýar. Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy türkmen halkynyň belent ruhuny özünde jemläp, durmuşyň ähli ugurlaryny – taryhy wakalary, oňyn häsiýetleri, türkmenleriň urp-adatlaryny öz içine alýar.
Dünýa sungatynda bolşy ýaly, türkmen şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşinde hem ýazyjy şahyrlaryň, saz ussatlarynyň, medeniýet we döredijilik wekilleriniň keşplerini müdümileşdirmek uly orna eýe bolýar.
Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň çeper keşbini sungatyň ähli ugurlarynda waspyny ýetirmekde halypa suratkeşleriň hem-de zehinli ýaşlarynyň tutýan orny orän ulydyr. Muňa mysal edip, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýsynyň halypa mugallymy, heýkeltaraş Saragt Babaýew döreden eseri – beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini görmek bolýar. Beýikligi 60 metr bolan äpet heýkel paýtagtymyzyň günorta böleginde, Saglyk ýolunyň golaýyndaky tebigy baýyrlykda ýerleşdirilen. Heýkeliň töwereginde seýilgäh zolagynyň döredilmegi ýadygärlige ajaýyp gözellik çaýýar.
Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge sungatymyzy giňden wagyz etmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!
Amangül GOÇMYRADOWA
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby

RU



