Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şatlykly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler halkymyzy täze rowaçlyklara besleýär. Ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly we kämil şahsyýetler bolmagy barada döwletimizde uly alada edilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän beýik ynamyndan ugur alyp, Türkmen oba hojalyk institutynda talyplaryň arasynda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýazan şygyrlarynyň many-mazmunyny açyp görkezýän “Magtymguly Pyragynyň şygyrlary – ýaşlara ýörelge” atly diwar gazetlerini taýýarlamak boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige gatnaşýan talyplar beýik akyldar şahyrymyzyň suratyny çekmek, onuň şygyrlarynyň many-mazmunyny suratlar arkaly teswirlemek boýunça hem özara bäsleşdiler. Bäsleşigiň netijesi boýunça taýýarlanan diwar gazetleriniň many-mazmunyna, döwrebaplygyna, bezeliş aýratynlyklaryna üns berlip, emin agzalary tarapyndan has gowy ýerine ýetirilen işler ýüze çykaryldy. Bäsleşik iki görnüşde geçirildi. Elde çekilen hem-de taýýar suratlar çap edilip taýýarlanan diwar gazetleriň netijeleri hersi aýratynlykda jemlenildi. Bagtyýar talyp ýaşlar akyldar şahyrymyzyň watançylyk, mertlik, gaýduwsyzlyk we ahlaky temalarynda ýazan goşgularynyň birini labyzly okap, onuň many-mazmunyny teswirlemek bilen döredijilik zehinlerini açyp görkezdiler. Örän çekeleşikli geçen bu bäsleşikde emin agzalarynyň gelen netijeleri boýunça taýýar suratlar çap edilip taýýarlanan diwar gazetler we elde çekilip taýýarlanan suratlar boýunça görnüşinde 1-nji orna Agronomçylyk fakultetiniň Agronomçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby Altyn Mämmetberdiýewa, 2-nji orna Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby Husinbaý Sabirow hem-de Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Nurşat Nurgeldiýewa, 3-nji orna Agronomçylyk fakultetiniň Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 4-nji ýyl talyby Aziza Orunowa, Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň Awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby Aýmyrat Bäşimow hem-de şol fakultetiň Ýer gurluşygy we kadastrlar taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Gülşat Gulowa mynasyp boldular.
Bäsleşige gatnaşyjylar Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzy, türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň hormat-sarpasyny belent derejelere ýetiren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

RU












