Rus dili bäsdeşlige ukyplylygynyň birnäçe ugurlarda seljerilmegi netijesinde, dünýäde iň meşhur dilleriň ilkinji bäşligine girdi. Bu barada ýurduň Puşkin institutynyň filologiýa bölüminiň dekany Wladimir Karasik habar berdi.

Hünärmen häzir dünýäniň 66 ýurdunda 255 milliondan gowrak adamyň rus dilinde gürleýändigini nygtady.

Onuň sözlerine görä, rus dili halkara guramalarda iňlis, fransuz, ispan dillerinden soňra resmi dil bolmagynda galýar, ylmy maglumatlaryň halkara bazalarynda çap edilýän neşirleriň sany babatda bäşinji orny eýeleýär. Karasik rus diliniň internetdäki saýtlaryň sany boýunça hem dünýäde bäşinji orundadygyny sözüniň üstüne goşdy.

 Taganbibi ÇÜRJÄÝEWA

 S.A.Nýyazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby