Sosial sfera barlygyň hereketiniň bir görnuși hökmünde özüne mahsus kanunlaryň talaplaryna görä ýașaýar. Ykdysadyýet bolsa jemgyýetçilik ýașaýșynyň iňňän möhüm bölegi bolmak bilen, bir bitewi organizmdir. Ykdysady ulgam üçin sosial ulgamlardaky umumy sypatlaryň hemmesi jemlenendir.
Ykdysadyýet diýip, bu sözüň dürli derejedäki manylaryna laýyklykda jemgyýetçilik ýașaýșynyň bir sferasyna, önümçilik pudaklarynyň toplumyna we önümçilik gatnașyklaryny öwrenýän ylma aýdylýar. Adamlaryň jemgyýetçilik ýașaýșynyň bir sferasy hökmünde ykdysadyýet janly organizm, barlygyň hereketiniň sosial görnuși, sazlașykly ișleýän ulgambolup, obýektiw kanunlara tabynlykda ösýär.
Obýektiw ykdysady kanunlaryň talaplarynyň berjaý edilmezligi kynçylykly ýagdaýlara getirýär. Meselem, oba hojalygynda ýeriň ykdysady gurplulygynyň ýokarlanyș kanunyndan gelip çykýan düzgünlere äwmezek çemeleșilmegi ýerden peýdalanylanda emele gelýän gatnașyklaryň ýoýulmagyna getirýär. Ykdysady kanunlaryň talaplarynyň kabul edilýän hojalyk cözgütlerinde hasaba alynmagy iki sany iri basgançakdan – ișläp düzüșden we durmușa geçirișden durýar
Șonda kanunalayyklyklar obýektiw kanunlaryň ýuze çykyș görnuși bolup çykyș edýärler. Șol kanunalaýyklyklar ýeke-ýekelikde, bir kanunyň birnäçe ýuze çykmasy hökmünde, șonuň ýaly-da iki ya-da ondan hem köp kanunyň bilelikdäki täsiri astynda hereket edip bilýärler.
Usuly esaslar anyk çäreleriň ișlenip düzülyän mahaly ykdysady kanunalaýyklyklary özara täsir edisýän halda hasaba almaga mümkinçilik berýärler.Usuly esaslaryň tertipleșdirilen köplugi esasynda ișlenip düzulen anyk çäreler hojalyk çözgütleri arkaly durmușa geçirilyär. Șonda çäreleri amala așyrmagyň ykdysady mehanizminiň ýola goýulmagy, kärhanalaryň tehniki abzallylygyny, tehnologiýalaryň ýagdaýyny göz öňünde tutýan guramaçylyk çäreleriniň bellenmegi çözgüdi ýerine ýetirmekden garașylýan netijäniň gazanylmagy üçin oňaýly șert döredýär.
Hojalyk cözgutlerini kabul etmekde ykdysady kanunlaryň durmușa geciriliși Degișli ykdysady mehanizm döredilmän kabul edilýän, ýerine ýetirilmegi serișde üpjünçiligi nukdaýnazaryndan mümkin bolan hojalyk çözgutleriniň oňly netijä getirmeýän halatlary kärhanalaryň iș tejribesinde gyt däl. Șeýlelik bilen, ykdysadyýeti dolandyrmaklyga ulgamlaýyn çemeleșmeklik umumy talap bolup, öndüriji güýçler we zähmet bölünișigi ösdügiçe, pudagara baglanyșyklar çylșyrymlașdygyça onuň ähmiýeti barha artýar.
Näzik MUHAMMETMYRADOWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Kinalogiýa taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby