Agrosenagat toplumy (AST) oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan ișlemek, ahyrky sarp edijä ýetirmek bilen baglanyșykly emele gelen önümçilik-ykdysady ulgam bolmak bilen, ony dolandyrmagyň aýratynlyklary ozaly bilen oba hojalyk önümçiliginiň aýratynlyklaryndan gelip çykýar. AST-ni dolandyrmagyň özbolușlylygyny kesgitleýän esasy aýratynlyklara șular degisli:

– oba hojalygynda, hususanam ekerançylykda önümçiligiň sebit taýdan ýaýranlygy;

– önümçiligiň möwsümleýin häsiýeti;

– oba hojalyk kärhanalarynyň köp pudakly bolmagy;

– monopolizmiň agdyklaýyn orun tutmagy;

– önümçilige täsir edýän faktorlaryň köpdürlüligi;

– oba ilatynyň sosial meselelerini çözmeklige özbolușly çemeleșmäniň zerurlygy. Önümçiligiň territorial ýaýran bolmagy oba hojalyk kärhanalarynyň guramaçylyk we dolandyryș düzümine girýän ilkinji bölümleriň, toparlaryň sanyna-da, dolandyryș zynjyryndaky aralyk halkalaryň sanyna we häsiýetine-de täsir edýär. Ösümlikçilik pudaklarynda önümçiligiň konsentrasiýasynyň çäkli mümkinçilikleri oba hojalyk kärhanalarynyň amatly möçberlerini belli etmekligi hem-de hojalygy alyp barmaklygyň laýyk usulyny seçip almaklygy zerurlyga öwürýär.

Önümçiligiň möwsümleýin häsiýeti dolandyryș babatynda ozaly bilen dürli möwsümlerde ulanylýan gurallardan, agregatlardan ybarat çylșyrymly mașynlar ulgamynyň guralmagynda ýüze çykýar.

Oba hojalyk kärhanalarynyň köp pudakly bolmagy ekin dolanyșyklary, ösümlikçilik bilen maldarçylgyň arasyndaky organiki baglanyșyklar sebäpli obýektiw șertlendirilendir. Kärhananyň köp pudakly bolmagy, degișlilikde, obýektiw șertlendirilendir. Kärhananyň köp pudakly bolmagy,degișlilikde, önümçiligi guramagyň we netijeli dolandyryș gurlușyny düzmegiň ýagdaýyna güýçli täsir edýär.

Monopolizmiň agdyklaýyn orun tutmagy ýerden peýdalanyp hojalyk ýöretmegiň monopoliýasy hem-de pudagara tehnologik monopolizm bilen baglanyșyklydyr. Ylaýta-da pudagara monopolizm oba hojalygy bilen gaýtadan ișleýji senagatyň arasyndaky gaýtadan paýlaýyș hadysalaryna ýol açyp, AST-niň bu pudaklarynyň arasynda maliýe gatnașyklaryny çylșyrymlașdyrýar. Șonuň üçin tutuș toplum boýunça dolandyryș ulgamy kämilleșdirilende agrosenagat goșulyșmasyny paýdarçylyk gatnașyklary bilen utgașdyryp, netijeli guramaçylyk we dolandyryș düzümlerini kemala getirmekligiň zerurlygyny șertlendirýär.

AST-de önümçilige täsir edýän faktorlaryň köpdürlüligi ozaly bilen oba hojalygynyň ösüș faktorlary bilen baglanyșyklydyr. Bu ýerde ýer, suw faktorlary, howa șertleri, obanyň demografik aýratynlyklary önümçiligiň beýleki resurslarynyň düzüminde, pudaklaryň ösüșiniň tehniki-ykdysady, tehnologik-ykdysady hem-de ekologik-ykdysady meseleleriň çözülișinde belli bir derejede beýanyny tapýar.

Oba ilatynyň sosial meselelerini çözmeklige özbolușly çemelesmäniň zerurlygy oba ilatly nokatlarynda ilatyň önümçilik we durmuș meselelerinin arasyndaky ýakynlyk, jebis baglanyșyk bilen, ișe ýerleșdirmegiň, ýașaýyș jaý meselesini çözmegiň aýratynlyklary bilen, oba adamlarynyň psihologiýasy, edim-gylymlary, önümçilik dessurlary bilen düșündirilýär. Șu sebäpli köp ýurtlarda oba hojalyk kärhanalary bilen ýerli häkimiýet we öz-özüni dolandyryș organlary jebis özara baglanyșykda ișleýärler. Türkmenistanda hem daýhan birleșikleri bilen ýerli Geňeșlikler gös-göni hyzmatdașlyk edip, șonda oba arçynlaryna uly dolandyryș roly degișli edilýär. Munuň özi ýolbașçynyň abraýyny möhüm faktora öwürmek bilen, önümçilik, sosial we gündelik durmuș meseleleri çözülende dolandyryșyň ykdysady we adminstratiw usullarynyň üstuni sosial psihologik usul bilen ýetirmäge oňaýly esas döredýär.

  Jemal SAPAROWA

  S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby