Alymlar, bu itleriň nesliniň Mesopotamiýanyň söweş itlerinden gaýdýar diýip hasaplaýarlar. Orta Aziýanyň goýun hem-de aw köpekleri baradaky ilkinj taryhy ýazgylar mundan birnäçe müň ýyl ozalky döwre degişlidir we olarda bu itleriň atlary umumylykda «aziat» diýlip tutulýar. Türkmenistandaky gadymy Altyndepe galasynda (biziň eýýamymyzdan ozalky 2000-nji ýyl) geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde toýunsow palçykdan bişirilip ýasalan itiň heýkeljigi hem-de häzirki zaman orta aziýa aw itlerini ýatladýan äň süňkleri äpet uzyn we kellesi çüri läheň jandaryň gatap giden galyndysy tapyldy. Alabaý – itiň daşky görnüşinden, ýagny gara-alalygyndan habar berýär. Onuň gülgünräk açyk sary ýa-da goňrumtyl reňki çöl tebigatynyň esasy öwüşginlerine doly laýyk gelýär. Garagumda dowar bakýan çopanlar mal sürülerini gorap saklamakda örän gadymyýetden bäri bu dogumly, äpet göwreli köpekleriň kömeginden peýdalanypdyrlar. Olar, esasan, mallary ýyrtyjy haýwanlardan goraýar. Garagumuň ýowuz tebigatynyň gazaply şertleri, şonuň ýaly hem ýerli itşynaslaryň emeli ýol bilen tohumlary çakyşdyrmakda alyp baran dynuwsyz işleri ahyrky netijede itleriň başga hiç bir görnüşleri bilen garyşmaýan, häsiýeti boýunça gaýduwsyz, şir ýürekli türkmen köpekleriniň döremegine getiripdir.

Kinolog hünärmenler alabaýlaryň iň gowy tohumynyň hut Türkmenistandadygyny ykrar edýärler. Olar güýçli, çydamly, özboluşly aýratyn alamatlary bolan itlerdir.

Hakyky alabaýyň daş görnüşi hem-de beden gurluşy özüniň sazlaşykly, deňölçegli, birsydyrgynlygy bilen beýlekilerden tapawutlanýar. Uly göwresi, äwmezekligi, asudalygy hem-de arkaýynlygy bilen türkmen itleri köpleri özüne bendi edýär.

Garaşsyz döwletleriň arkalaşygyna girýän döwletleriň köp sanly kinologiýa guramalarynda, ýagny itler, olaryň tohumlary olary ösdürip ýetişdirmek we peýdalanmak baradaky ylmy-barlag merkezlerinde orta aziýa aw itleriniň esasy nusgasy hökmünde türkmen alabaýlary kabul edilendir. Bu tohum itleriň umumy standartlary kesgitlenende türkmen itleriniň daşky görnüşi hem-de gylyk-häsiýetleri binýatlyk ölçeg hasaplanýar. Sakçy, aw hem-de başabaş garpyşýan itleriň içinde-de hut türkmen alabaýlary ilerde tululýar. Olar GDA-nyň ähli künjeklerinde köpeldilýär. Amerikanyň fermerleri-de öz mallaryny ýyrtyjy haýwanlardan goramak üçin, köplenç, türkmen alabaýlaryny satyn alýarlar. Kinologlar hatda Awstraliýada, Täze Zelandiýada-da türkmen itlerine gabat gelinýändigini belleýärler. Bütin dünýäde meşhurlyk gazanan türkmen alabaýlary onlarça sylaglara hem-de halkara diplomlara mynasyp boldular. Türkmenistanda alabaýlaryň iň gowularyny, olaryň gylyk häsiýetlerini kesgitlemek boýunça däbe öwrülen bäsleşiklerde hem-de baýramçylyk sergileri yzygiderli geçirilýär. Türkmen Alabaýy edil ahalteke atlary hem-de türkmen el halylary ýaly Türkmenistanyň milli baýlygy hasaplanylýar.

   Zulfiýa ÇARYÝEWA

  S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Kinalogiýa taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby