Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesiller hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Çünki hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň ýagty ertiri hasaplanýan ýaş nesilleriň döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim almaklary, hünär we ylym öwrenmekleri, sagdyn ruhda terbiýelenmekleri, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň şöhratly ýol-ýörelgelerine wepaly watansöýüjiler bolup ýetişmekleri üçin wajyp işleri durmuşa geçirýär.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça oňyn başlangyçlar maksatnamalaýyn esasda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny we durmuş gurşawyny sanlylaşdyrmagy öz içine alýar. Sanly ykdysadyýetiň ösmeginde sanly bilim wajyp orun eýeleýär. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, sanly jemgyýetiň we sanly ykdysadyýetiň bildirýän talaplaryndan ugur alnyp, her bir adamy durmuşa hem-de hünär işine taýýarlamak üçin bilimiň ähli basgançaklary yzygiderli özgerdilýär.

Häzirki wagtda «sanlylaşdyrma», «bilimiň sanly özgermegi», «sanly bilim gurşawy» diýen düşünjeler bilim işini dolandyrmagyň nazaryýetine we amaly tejribesine berk ornaşdy. Sanly bilim sanly tehnologiýalary bilim edaralarynda giňden peýdalanmagy göz öňünde tutýar. Olar maglumatlary toplamagy, gaýtadan işlemegi, geçirmegi, saklamagy we seljermegi üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen taýýarlanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy bu ugurda örän möhüm çözgütdir. Bu resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmegi nazarlamak bilen, okuwçylaryň mekdep döwründen başlap sanly ulgam, ýokary tehnologiýa, emeli aň ýaly ugurlara aralaşmak mümkinçiliklerini ösdürmek maksadyna gönükdirilendir. Ylmyň we tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösüp, durmuşyň ähli ugruny gurşamagy, täze tehnologiýalaryň döredilmegi, emeli aňyň barha giň täsire eýe bolmagy ýaş nesliň taýýarlygynyň barha kämilleşdirilmegini talap edýär.

Ylym-bilim ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitinde eden çykyşynda Ýewropa Bileleşiginiň uzak ýyllaryň dowamynda Merkezi Aziýa sebitinde netijeli bilim taslamalarydyr maksatnamalary durmuşa geçirýändigini nygtap belledi. Hormatly Prezidentimiz medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky garaýyşlayny beýan etmek bilen, hünärment bilimi babatda bilelikdäki taslamany işläp taýýarlamak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.

Ýurdumyzda belent maksatlara gönükdirilen işleri amal etmek üçin ýaşlaryň, bir tarapdan, häzirki döwürde adamzadyň ylym-bilimde we hünär taýýarlygynda gazanan netijelerini özleşdirmegi, ikinji tarapdan, Watanymyzyň geljegine bolan beýik ynama eýe bolmagy zerurdyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym-bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän işleriň maksady hem döredijilikli we başarjaň, Watanyny jany-teni bilen söýüp, onuň ajaýyp geljegine goşant goşmaga ukyply, hünärine ussat ýaşlary ýetişdirmekden ybaratdyr. Bu bolsa bilim ojaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen mümkindir. Şu maksatlar bilen ýurdumyzda orta we ýokary okuw mekdepleriň täze binalary gurulýar, iň kämil kompýuter hem-de okuw-tehniki enjamlar bilen üpjün edilýär.

Ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligini pugtalandyrmaga, bäsdeşlige ukyply ulgamyny kemala getirmäge gönükdirilen özgertmeler özüniň oňyn netijelerini berýär. Bu ugurda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly öňegidişlikler gazanylýar. Muňa mysal edip, ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň, ylmy kitaphanalaryň döwrüň iň täze gazananlaryna laýyk kompýuterleşdirilmegini, beýleki enjamlar, dünýä ylmynyň ösen derejesindäki barlaghanalar bilen üpjün edilmegini görkezmek bolar.

Annaýew Myratgeldi

Türkmen döwlet maliýe institutynyň,

 Salgytlar we salgyt salmak fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.