Kitap adamzat durmuşynyň deňsiz-taýsyz gymmatlygy, gaýtalanmajak oýlap tapmasydyr. Biziň ata-babalarymyz kitaba aýratyn hormat goýupdyr. Kitaba bolan hormat diňe bir  türkmen halkymyzda bolman, eýsem dünýäniň ähli künjeginde ähli halklar tarapyndan aýratyn sarpalanýan gymmatlyklaryň hataryna girýändir. Kitap çagalara başlangyç hem esasy terbiýäni bermekde hem aýratyn orna eýe bolupdyr.

Kitap — altyn gapyly ajaýyp dünýäniň açary. Kitapda bolup geçýän wakalaryň hyýaly gahrymanlar bilen janlanýandygyna seretmezden, okamak endigi her bir okyjyda adamkärçiligiň belent häsiýetlerini terbiýeleýär.Kitap geçmiş bilen geljegiň hem-de halklaryň we ýürekleriň arasyndaky baglanyşygy üzmän saklap duran bahasyz  miras hasaplanypdyr.

Kyn güne uçran mahalyñ haraÿy elmydama kitaplardan gözleýäris. Şonda, köplenç, şeýle bir kitaplary tapyp okaýarsyň welin, göwnüňe bolmasa, ol ýörite seniň üçin, hut seniň şol kyn günüň üçin ýazylan ýaly bolýar.Köp kitap okaýan adam köp ömür ýaşaýar, hiç haçan hiç zat okamadyk adam bolsa bir ömür ýaşaýar.Kitaplar saňa dogry ýol görkezýän, ýalňyşmaklygyň öňüni alýan paýhasly hem-de ýürekdeş dostdur: olaryň bar ýerinde sen çagalykda-da, ýaşlykda-da, garrylykda-da ýalňyz dälsiň, sen güýçlüsiň.

Kitap — bu durmuşyň iň uzak hem-de garaňky ýoluny ynsana ýagtyldyp görkezýän jadyly çyragdyr.

Garagoçew Serdar
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 102-nji toparynyň talyby