Gülleriň dürli görnüşleri bolup, olar daşky görnüşi, reňki, ysy boýunça tapawutlanýar we her ynsanyň-da halaýan güli bolýar.Güller diňe bir daşky dünýämize görk bermän, ynsan saglygyna hem köptaraplaýyn täsir edýär. Nýu-Jersi uniwersitetiniň psihologlary tarapyndan geçirilen gözlegleriň netijesine görä, gülleriň durmuşymyzda bolmagy ynsan saglygyny, emosional ýagdaýyny biziň pikir edişimizden hem ep-esli derejede gowulaşdyrýar.Olar diňe bir öýümizde-ojagymyzda lälezarlyk, gözellik döretmän, eýsem kalbymyzda hem gözellik döredip, ömrümize ömür goşýar, bize saglyk paýlaýar. Şeýle-de maşgaladaky çagalarda mähriban Watanymyza, gözel tebigatymyza, onuň ösümlik dünýäsine söýgi döretmäge-de uly ýardam edýär.
Türkmençilikde «gül ýaly owadan», «gülläp ösüş», «gül roý, gül kamat», «çagadan gülüň ysy gelýär», «gülden näzik göwün», «ýagdaýym gül ýaly» diýen jümleler, «durmuşyň gül ýaly bolsun!» diýen ýaly arzuwlar ulanylyp, adamzat durmuşynda gülüň ähmiýetiniň uludygy, onuň diňe gowulyk hem-de gözellik bilen baglanyşykly manysynyň bardygyny görmek bolýar.Alymlaryň tassyklamagyna görä, bir düýp bägül üç düýp bagyň ornuny tutup, howany şonça mukdarda arassalaýar. Ol öz ösüp oturan ýeriniň daş-töweregini, topragyny arassalamaga, tämizlemäge ýardam etmek bilen, adam saglygy üçin hem deňsiz-taýsyz dermandyr.Bägüller köp ýyllardan bäri ekilip, diňe bir ajaýyp gözelligi bilen bagy-bossanlygy bezemän, eýsem, janyňa hoş ýakýan ysy bilen hem özüne melul edipdir. Pars dilinden terjime edilende, «bägül» sözi «ruh» diýmegi aňladýar. Aslynda, bägülüň mekany Pars döwleti hasaplanýar. Eýran şahyrlary öz döredijiliginde bu ýurdy «Gülüstan», ýagny «gülzarlyk» diýip atlandyrypdyrlar. Beýik soltanlaryň köşkleri, äpet derwezeler, metjit-medreseler, altyn-kümüşden ýasalan gap-gaçlar, küýzeler, haly we palas önümleri, Müsür faraonlarynyň mazarlary bägülüň gül-gunçalary, gül ýapraklary bilen bezelipdir.
Biziñ durmuşymyzy, ömrümizi göreniňde göwnüňi göterýän güller ýaly owadan bolsun!
Pökçiýewa Ogulnur
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 102-nji toparynyň talyby

RU












