Ahal welaýatynyň çäginde, Köne Sarahs taryhy-medeni döwlet goraghanasyna degişli bolan, taryhyň syrlaryny özünde saklaýan iň täsin ýadygärlikleriň biri-de Injirli galadyr.Injirli gala IX-XII asyrlara degişli bolan, ösen orta asyr döwrüniň kuwwatly we özboluşly galasydyr. Ol Sarahs etrabynyň çäginde, baryp-gelmesi kyn bolan daglyk ýerde, tebigy gaýalyklardan ussatlyk bilen peýdalanylyp gurlupdyr. Bu gurluşyk usuly galany has-da berk we goragly edipdir.
Esasy aýratynlyklary:
Gala gündogardan günbatara uzalyp, tebigy çuň jarlar we dag kertleri bilen gurşalandyr. Onuň daşky diwarlary esasan tebigy dag daşlaryndan örülipdir. Içerki böleginde bolsa 3 gektardan gowrak meýdanda ýasy dag daşlaryndan salnan ululy-kiçili jaýlaryň galyndylary, dar köçeler we howlujyklar saklanyp galypdyr.Galanyň gündogar böleginde dörtburçluk görnüşde gurlan metjidiň galyndylary bardyr. Metjidiň tutýan meýdanynyň ortasynda ýerleşen dört sütüniň kömegi bilen 9 sany deň bölege bölünipdir. Metjidiň diwarlary we sütünleri dag daşlaryndan, daş tarapy bolsa bişen kerpiçden örülipdir.Galanyň ady hem onuň golaýynda akyp ýatan Injirli atly çeşmeden gelip çykandyr. Bu çeşme we demirgazyk-gündogar tarapdaky suw desgalarynyň, bentleriň galyndylary galada ilatyň hemişelik ýaşandygyna şaýatlyk edýär.
Injirli gala taryhy-medeni taýdan uly ähmiýete eýedir. Ylmy-gözleg işleriniň dowamynda bu ýerden XV asyra degişli küýzegärçilik önümleriniň tapylmagy, galada has giçki döwürlerde-de ýaşaýşyň dowam edendigini subut edýär.Injirli gala ilkinji gezek 1978-1979-njy ýyllarda T.N. Iwanow tarapyndan ylmy taýdan öwrenilip, ylyma girizildi.
Bu taryhy ýadygärlik türkmen halkynyň gadymy gurluşyk sungatynyň, goranyş endikleriniň we ýaşaýyş medeniýetiniň örän gymmatly mysalydyr. Ol türkmen taryhyny we medeni mirasyny öwrenmekde aýratyn orun eýeleýär.
Saparow Sapar
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 110-njy toparynyň talyby