Ata Watanymyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilim ulgamynda baý tejribe toplanyldy. Häzirki zaman täze kompýuterler, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalary, çagalar baglary we çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri yzygiderli gurulýar. Her ýyl birinji synp okuwçylarynyň ählisine «Bilimli» atly kompýuterler sowgat berilýär. Munuň özi döwletimizde körpe nesliň mynasyp terbiýelenmegi we sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän aladanyň ýene bir aýdyň mysalydyr.

Türkmen halkynda «Dil bilen dünýäni gezer» diýen söz bar. Diller — halkara aragatnaşygyň guraly.

Daşary ýurt dilleri dürli ýurtlaryň halklarynyň arasynda özara gatnaşygy ýola goýmakda möhüm orny eýeleýär.

* Bilim, ylym, syýahatçylyk, diplomatiýa, söwda ýaly ugurlarda daşary ýurt dilleri halkara gatnaşyklaryň esasy serişdesidir.

* Iňlis dili häzirki wagtda dünýäniň iň giň ýaýran aragatnaşyk dili bolup, halkara iş gatnaşyklarynyň, ylmy maglumat alyşynyň hem-de tehnologiýanyň esasy dilidir.

* Şeýle-de, rus, hytaý, arap, nemes, fransuz ýaly diller dünýäniň dürli sebitlerinde halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Daşary ýurt dilleriniň üsti bilen maglumat alyş-çalşygy we hyzmatdaşlyk giňelýär, bu bolsa döwletleriň özara ynanyşygyny pugtalandyrýar.

Häzirki döwrüň halkara gatnaşyklarynyň, maglumat-tehnologiýalarynyň we ykdysady hyzmatdaşlygynyň çalt ösýän döwründe daşary ýurt dillerini bilmek jemgyýetiň ösüşiniň, medeniýetiň giňelmeginiň hem-de ösüşiň möhüm şerti hökmünde kabul edilýär.

Diller halklaryň özara düşünişmeginiň, hyzmatdaşlygynyň we parahatçylykly gatnaşyklarynyň köprüsi bolup hyzmat edýär. Şonuň üçin hem daşary ýurt dilleriniň öwrenilmegi diňe bir şahsy ösüşiň däl, eýsem döwlet derejesindäki ösüşiň möhüm bölegidir.

Diller we ykdysady hyzmatdaşlyk

Global ykdysadyýetiň ösüşi dünýä bazarlarynyň birleşmegini şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurt dillerini bilmek:

* halkara söwda gatnaşyklarynda gatnaşyklaryň netijeliligini artdyrýar;

* daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde we eksport-import gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir;

* daşary ýurt kärhanalarynda, diplomatik we halkara edaralarda işlemek üçin mümkinçilikleri giňeldýär.

Şeýlelikde, daşary ýurt dillerini bilýän işgärler ýurduň ykdysady ösüşine gönüden-göni goşant goşýarlar.

Maksadowa Humaý,

Ilmyradowa Maral

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary.