​Franklin agajy (Franklinia alatamaha), käwagt “Ýiten Kamelliýa” ýa-da “Amerikan Çaý Agajy” diýlip hem atlandyrylýar, botanika taryhynda örän seýrek we geň ýagdaýy bilen tanalýar. Ol häzirki wagtda tebigatda ýok bolan (Extinct in the Wild) ilkinji we iň meşhur ösümlikleriň biridir.Bu agaç diňe ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň günorta-gündogaryndaky Altamaha derýasynyň kenarlarynda, takmynan 2-3 gektarlyk kiçijik bir meýdanda duş gelýärdi.Ol ilkinji gezek 1765-nji ýylda meşhur amerikan botanikleri Jon Bartram we onuň ogly Wilýam Bartram tarapyndan tapyldy.Ol Jon Bartramyň ýakyn dosty, meşhur amerikan döwlet işgäri we alym Benjamin Franklinyň hormatyna dòretdi. Franklin agajy tebigatda iň soňky gezek 1803-nji ýylda görlüpdir (käbir çeşmelerde 1790-njy ýyl hem agzalýar). Şondan bäri, tebigy ýaşaýyş ýerinde ähli gözleglere garamazdan, tapylmandyr.

​ Onuň tebigatda ýok bolmagynyň anyk sebäbi näbellidir, emma iň esasy sebäpler hökmünde şular.Golaýda ekilen pagta ösümlikleri bilen getirilen kesel (Phytophthora cinnamomi ýaly kök çüýremegi).Häzirki wagtda dünýäde bar bolan Franklin agaçlarynyň ählisi, 1777-nji ýylda Wilýam Bartramyň Altamaha derýasynyň kenaryndan ýygnan tohumlaryndan ösdürilip ýetişdirilen agaçlaryň neslindendir.Bu ýagdaý ony “görkezilen ýerde diri galan (Ex Situ Conservation)” iň meşhur mysallarynyň biri edýär. Bartramlar ony tebigy ýagdaýda ýitip gitmeginden halas eden adamlar hökmünde taryha girdi.

Ulaglygy ortaça, adatça köp sütünli uly gyrymsy agaç ýa-da kiçi agaç bolup ösýär. Beýikligi 3-den 6 metre (10-20 fut) çenli ýetip bilýär. Onuň iň göze ilýän aýratynlygy uly, gülleri (diametri 5-8 sm). Güller ak reňkli bolup, merkezinde aýratyn narynç-sary reňkli atalyklar (stamens) topary bar.Beýleki köp agaçlardan tapawutlylykda, Franklin agajy tomusyň ahyrynda we güýzüň başynda (Iýuldan Sentýabr aýyna çenli) gülleýär.Uzyn, ýalpyldawuk goýy ýaşyl ýapraklary güýzde ajaýyp narynç, gyzyl we goýy gyrmyzy reňklere öwrülýär.

​Netije: Franklin agajy, tebigatda ýok bolan görnüşleriň adamlar tarapyndan nähili gorag astyna alnyp, saklanyp bilinjekdiginiň ajaýyp mysaly bolup durýar. Ol häzirki wagtda dünýäniň ähli botanika baglarynda we seýilgählerinde seýrek we gymmatly miras hökmünde ösdürilýär.

Baýramgeldiýewa Maýsa
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 111-nji toparynyň talyby