Iň kiçi marmoset (ylmy ady: Cebuella pygmaea) dünýädäki iň kiçi maýmyn hökmünde tanalýar we Günorta Amerikanyň Amazon tokaýlarynda ýaşaýar.Braziliýanyň günbataryndaky, Kolumbiýanyň günorta-gündogaryndaky, Ekwadoryň we Perunyň günbatar sebitlerindäki tokaýlarda duş gelýär.Dünýädäki iň kiçi maýmynlaryň biri bolup, uzynlygy 14 – 20 santimetre çenli ýetýär.Ýaşaýyş we hereketÖrän çalasyn maýmyn. 5 metre çenli uzynlykdaky aralyga böküp bilýärler.
Olaryň aýaklarynda beýleki maýmynlardan tapawutlylykda dyrmyşmaga kömek edýän ýiti dyrnaklar (tegulae) bar. Bu dyrnaklar inçe şahalarda durmaga we agaçlaryň gabygyny deşmäge kömek edýär.Olar agaçlaryň iň ýokary böleklerinde (tokaýyň saýasynyň aşagynda) ýaşaýarlar. Olar ýyrtyjylaryň (ýylanlar we ýyrtyjy guşlar) agramyny göterip bilmeýän inçe şahalaryny saýlap alýarlar.Olaryň uzyn we gür tüýleri açyk goňur-altynsow we çal-gara reňkleriň garyndysy bolup, daşky görnüşiňden ýalbara meňzeş täsir döredýär. Guýrugynda gara halkalar bar.
Iň kiçi marmosetler agaç şiresi bilen iýmitlenmäge ýöriteleşendir. Olar agajyň gabygyna ýörite uýgunlaşan aşaky dişleri (kesiji dişleri) bilen deşikler açýarlar we çykan şiräni (gum, rezina, lateks) sylaýarlar. Olar her gün 10-dan gowrak täze deşik açýarlar we soňra şire toplamak üçin ol deşikleri gaýtadan ulanýarlar.
Olaryň iýmit siňdiriş ulgamy (esasan hem uly kör içegesi) agaç şiresini siňdirmäge uýgunlaşandyr.Olar maşgala toparlarynda (2 – 9 agza) ýaşaýarlar. Topar, esasan, ýaşaýyş üçin birleşen jübüt we olaryň birnäçe ýaş çagalaryndan durýar.Adatça, bir ömürlik monogam jübüt gatnaşyklaryny saklaýarlar.Urkaçy marmoset ýylda bir ýa-da iki gezek (göwrelilik döwri takmynan 4,5 aý) köplenç ekizler dünýä getirýär.
Çagalara seretmekde erkek maýmynlar we beýleki topar agzalary (ýaş ulalan doganlar) uly rol oýnaýar. Olar çagalary göterýärler we olara seredýärler.Olar sesler arkaly (jykyrdylar, çyrlamalar, sesli çagyrşyklar) aragatnaşyk saklaýarlar. Käbir sesleriň ýygylygy adamlaryň eşitmäge ukyply bolmadyk derejesinde ýokary bolýar. Täze doglan marmosetler bolsa adam çagalary ýaly “gyzzyklanýarlar” we şeýlelikde toparyň dialektini öwrenýärler.
Amazon tokaýlarynyň ýok edilmegi (agaç kesmek, oba hojalygy, magdan gazmak) olaryň ýaşaýyş şertlerine esasy howp salýar.Uly bolmadyk göwrümi sebäpli, olar bikanun haýwan söwdasynda meşhur bolup, bu hem olaryň sanynyň azalmagyna getirýär.Aýratynlyk Maglumat
Ylmy ady Cebuella pygmaea (Günbatar görnüşi) we Cebuella niveiventris (Gündogar görnüşi)
Beden uzynlygy 12 – 15 sm (guýruksyz)
Guýrugyň uzynlygy 17 – 23 sm (bedeninden has uzyn)
Agramy Takmynan 85 – 140 gram (uly adamyň eline sygýar)
Iýmiti Esasy iýmiti: agaçlaryň şiresi (gummywore). Mundan başga-da, mör-möjekler, miweler we gülleriň nektary.
Ýaşaýyş ýeri Günorta Amerikanyň demirgazyk-günbatar Amazon tokaýlary (Braziliýa, Kolumbiýa, Ekwador, Peru we Boliwiýa). Esasan hem derýalaryň kenarlaryndaky gür tokaýlarda ýaşaýarlar.
Gorag ýagdaýy Gowşak goragly (Vulnerable – VU) (Habitatyň ýitirilmegi sebäpli howp astynda).
Şöhradowa Maýa
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 114-nji toparynyň talyby

RU












