Oba hojalygy, adamlary iýmit önümleri bilen üpjün edýän we senagat üçin çig mal öndürýän iň gadymy we esasy ykdysady pudakdyr. Ol diňe bir ykdysadyýetiň däl, eýsem, jemgyýetçilik durnuklylygynyň we ekologiýa deňagramlylygynyň hem esasy binýadydyr.
Oba hojalygy ilatyň azyk önümlerine bolan zerurlygyny kanagatlandyrýar. Durnukly azyk üpjünçiligi her bir döwletiň milli howpsuzlygynyň esasy şertidir.Köp ýurtlar üçin oba hojalyk önümleri (gowaça, bugdaý, miweler we gök önümler) eksportuň möhüm çeşmesidir. Bu pudak millionlarça adamy iş orunlary bilen üpjün edýär we ýurtlaryň jemi içerki önümine uly goşant goşýar. Oba hojalygy dokma senagaty (pagta, ýüpek), azyk senagaty (ýaglar, şeker) we hatda ýangyç senagaty (bioýangyç) ýaly pudaklar üçin zerur çig mallary öndürýär.Türkmenistan, özüniň taryhy oba hojalyk däpleri we ägirt uly suw serişdeleri (Garagum derýasy) bilen bu pudaga aýratyn uly üns berýär.
Bugdaý we gowaça ýaly strategiki ekinler ýurduň oba hojalygynyň esasyny düzýär. Döwlet bu önümleriň öz-özüni üpjünçiligini gazanmagy maksat edinýär.Gara mallary, dowardarçylyk we düýedarçylyk pudaklary, aýratyn-da, Türkmen alabaýynyň ösdürilip ýetişdirilmegi we behişdi ahalteke atlary bilen bilelikde, milli gymmatlyk hökmünde uly ähmiýete eýedir.Häzirki döwürde oba hojalyk pudagyna häzirki zaman tehnologiýalaryny, suwy tygşytlaýjy damjalaýyn suwaryş ulgamlaryny we biotehnologiýany ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu bolsa ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga we çöl şertlerinde durnukly ösüşi gazanmaga ýardam edýär.
Oba hojalygy adamzat jemgyýetiniň ýaşaýşyny üpjün edýän esasy güýç bolup durýar. Onuň durnukly ösüşi we innowasiýalar bilen kämilleşdirilmegi, geljekki nesilleri azyk bilen üpjün etmegiň we ýurtlaryň abadançylygyny saklamagyň açarydyr.
Rahmanowa Zyýada
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 101-nji toparynyň talyby

RU












