17–18-nji asyrlarda “computer” diýen söz hasaplaýjy adam diýen manyny aňlatýardy.

🕰️ Dünýäniň ilkinji kompýuteri örän ulydy.

1946-njy ýylda döredilen ENIAC atly ilkinji elektron kompýuter 27 tonna agramyndady we bir otag tutýardy!

⚡ Bir smartfon – öňki superkompýuterdan güýçlüräk!

Häzirki iPhone ýa-da Android telefonlaryň prosessorlary 1969-njy ýylda Aýa bilermenleri ugradan NASA kompýuterlerinden müňlerçe esse güýçli.

🌐 Internetde ilkinji web sahypasy 1991-nji ýylda döredildi.

Ony Tim Berners-Lee döredipdi we ol häzirki wagtda hem açyk ýagdaýda saklanýar.

🧮 Dünýäniň ilkinji programmisti zenandy.

1800-nji ýyllarda ýaşan Ada Lovelace dünýäniň ilkinji programma düzýän adamydy. Şonuň üçin ol “programmirlemegiň ejesi” diýlip atlandyrylýar.

🎮 Ilkinji kompýuter oýny 1958-nji ýylda döredildi.

Oýun “Tennis for Two” diýip atlandyrylýar we ol osiloskopa ýazylan ýönekeý tennis oýnydy.

🔢 Kompýuterler diňe sanlara düşünýärler.

Olaryň ähli maglumatlary 0 we 1 görnüşindäki bitleriň üsti bilen işleýär. Şol sanlaryň birleşmesi arkaly tekst, ses, wideo hem döredilýär.

🧊 Superkompýuterleriň sowadylmagy aýratyn kyn mesele.

Käbir superkompýuterler şeýle gyzýar welin, olaryň ýerleşýän jaýynda ýörite sowadyjy ulgamy ulanylýar.

🌎 Dünýädäki ilkinji wirus 1986-njy ýylda ýüze çykdy.

“Brain” diýen at bilen tanalýan wirus ilkinji bolup floppy diskler arkaly ýaýrapdy.

🕹️ Microsoft-yň ilkinji önümi oýundan däl-de, programma kodundan başlapdy.

Bill Gates we Paul Allen 1975-nji ýylda “Altair BASIC” atly programma döredipdiler – bu ilkinji şahsy kompýuter üçin programma boldy.

⌨️ Klawiaturadaky “QWERTY” tertibi 1800-nji ýyllarda dakylýar.

Ol ilkibaşda daktil maşynlary üçin döredilipdi, soň kompýuterlere geçirildi. Sebäbi bu tertip ýazmagy biraz haýallaşdyrýar, şeýdip düwmeler gysyşmaýar.

🌌 NASA käte köne kompýuterleri ulanýar!

Käbir kosmos gämilerinde täze tehnologiýalar däl-de, barlanyp synagdan geçen köne kompýuterler ulanylýar, sebäbi olar has ygtybarly.

🔊 Ilkinji “ses çykaryjy” kompýuter 1951-nji ýylda peýda boldy.

“Ferranti Mark 1” atly kompýuter “God Save the King” aýdymyny ýerine ýetirip bilýärdi!

📀 Ilkinji 1 GB saklaýan disk 1980-nji ýylda çykdy – onuň bahasy takmynan $40,000 töweregidi we agramy 200 kilograma ýakyndy

🖥️ Kompýuteriň beýnisinde bir sekuntda millionlarça amallar bolýar.

Mysal üçin, häzirki zamanyň superkompýuterleri bir sekuntda milliartdan hem köp hasaplamany ýerine ýetirýär.

🤖 Kompýuterler häzirki wagtda emeli aň bilen pikirlenip başlady.

Käbir kompýuterler suratlary tanap, sesleri seljerip, hatda täze eserler döredip bilýärler – meselem, aýdym ýazýarlar ýa-da surat çekýärler.

🧠 Kompýuteriň güýji – adamyň beýnisinden örän tapawutly.

Adam beýnisi maglumatlary “paralel” ýagdaýda işläp bilýär, kompýuter bolsa “yzygiderli” ýagdaýda hasaplaýar. Şonuň üçin biri beýlekisinden has akylly däl – diňe başgaça işleýär.

  Yslam ÝAZBAÝEW

  Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika institutynyň Maglumat Tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň Kompýuter ulgamlaryň programma üpjünçilikleri hünäriniň 2-nji ýyl talyby