Dil bilmek – bu halklaryň dostlukly, parahatçylykly gatnaşyklaryny berkitmekde, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmekde we olary ýaýratmakda, şahsyýetiň ruhy dünýäsini giňeltmekde ähmiýeti örän uludyr. Ýurdumyzda hem ýaş nesliň dil bilimini kämilleşdirmek we olary geljekde dürli hünärlerde we ugurlarda üstünlikli peýdalanmak maksady bilen çagalara mekdep döwründen dürli diller öwredilip başlanýar. Şeýle dilleriň biri hem rus dilidir.
Rus dili Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dilleriniň biri bolmak bilen, halkara gatnaşyklarynda we diplomatiýada möhüm ornuny görkezýär. Rus dili diňe bir dünýäniň baý medeni mirasynyň we döredijiliginiň dili hökmünde tanalman, eýsem ol takyk we tebigy ugurlarynyň adalgalaryny hem özünde jemleýär. Internet giňişliginde hem rus dili dünýäde iň köp ulanylýan dilleriň biri bolup, sanly maglumat çeşmeleri, sosial torlar we bilim platformalary arkaly giňden ýaýran ýagdaýda saklanýar.
Türkmen ýaşlary rus dilini öwrenmek bilen ony diplomatik we işewür hyzmatdaşlygyň üsti bilen Ýurdumyzyň alyp barýan parahatsöýüjilikli syýasatyny dünýä tanatmakda, halkara ylmy taslamalardyr bäsleşiklerde öz açyşlaryny dünýä jemgyýetine ýetirmekde we durmuşa geçirmekde, şeýle hem, dünýä döwletlerini söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer jähtlerden ýakyndan öwrenmekde ulanyp bilerler.
Häzirki wagtda orta mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda daşary ýurt dilleri bilen deň hatarda rus dilini hem döwrebap usullar arkaly öwretmek üçin şertler döredilip, ýaşlarda bu dile bolan höwesi artdyrmak üçin işler alnyp barylýar. Oňa mysal edip, ýokarda belläp geçişimiz ýaly, “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, orta mekdepleri we ýokary okuw jaýlary multimediýa tagtalary, lingafon otaglary, kompýuterler bilen üpjün edilendir. Mugallymçylyk hünärinde ýetişen bagtyýar ýaşlarymyz hem aňsat bolmadyk işlerinde sapaklaryny gyzykly we özüne çekiji alyp barmak, çagalara we ýaşlara ýokary hilli bilim bermek maksady bilen sapaklary interaktiw görnüşde alyp barýarlar, sapaklary dürli prezentasiýalar, görkezme esbaplar bilen düşündirýärler. Bu hem ýetişdirilýän çagalarda we ýaşlarda daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesi döretmäge oňyn täsir edýär.
Hanowa Sapargül Hazratkulyýewna.
Çärjew etrabynyň 11-nji orta mekdebiniň mugallymy.

RU












