Daşky gurşawy gorap saklamak, oňa aýawly çemeleşmek boýunça Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz tarapyndan uly işler durmuşa geçirilip, ekologiýa kanunçylygy hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Daşky gurşawy goramak ýörelgeleriniň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan edilmegi, bu babatda birnäçe kanunlaryň kabul edilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Esasy Kanunymyzda beýan edilýän ýörelgeler we kabul edilen kanunlar amatly daşky gurşawa bolan konstitusion hukugyny kepillendirmek bilen, ekologiýany, daşky gurşawyň hukuk esaslaryny kesgitleýär, amala aşyrylýan hojalyk we beýleki işleriň tebigata zyýanly täsirleriniň hem-de ekologiýa abadançylygyna abanýan howplaryň öňüni almak bilen baglanyşykly seresaplylyk çäreleriniň geçirilmegine degişli meseleleri düzgünleşdirýär.
Ýurdumyz halkara hukugynyň kadalaryna laýyk gelýän «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda» Kanunlara hem-de beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda öz üstüne alan borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirip gelýär.
Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady türkmen halkynyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden hem-de tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden, bu ugurda sebit we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Toprak, suw meseleleriniň ygtybarly çözülmeginiň ekologiýanyň gowulandyrylmagynda esasy orunda durýandygyny göz öňünde tutmak bilen amala aşyrylýan çäreler hem uly ähmiýete eýe bolýar. Bu babatda Türkmenistanyň «Ýer hakyndaky», «Suw hakyndaky» Kanunlarynda anyk wezipeler kesgitlenilýär. Şonuň ýaly-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we beýleki resminamalarda hem ekologiýa, daşky gurşawy goramak bilen bagly durmuşa geçirilmeli çäreler barada aýratyn nygtalyp geçilýär.
Häzirki ajaýyp döwürde ýurdumyz ösüşiň hem-de rowaçlygyň täze tapgyrynda ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmaga, döredijilikli zähmet çekmäge ähli şertleri hem-de giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Jepbar ALLANUROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa fakultetiniň, Gidromeliorasiýa hünariniň 4-nji ýyl talyby.

RU



