Bilim ulgamynyň hil taýdan döwrebaplaşdyrylmagynyň esasynda mekdeplerde oňat enjamlaşdyrylan okuw binýady emele getirildi. Sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek bilen birlikde, «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýaşlara öwredilýän daşary ýurt dilleriniň gerimini giňeltmek ugrundaky işler hem oňyn häsiýete eýe bolýar. Bu bolsa bilim babatda halkara hyzmatdaşlygyň çägini işjeň giňeltmek we okgunly ösdürmek maksady bilen kabul edilen netijeli çözgütdir.

Matematika durmuşymyzyň islendik ugrunda hasaplamalary amala aşyrmaga, ölçemäge mümkinçilik berýär. Her bir işiň talabalaýyk bolmagynda matematika ylmynyň ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin ösüp gelýän ýaş nesliň matematika babatynda düşünjeli, bilimli bolmagy döwrüň talabydyr.

Orta mekdebiň we tehniki hünärler boýunça ýörite hünär we ýokary mekdepleriň umumy maksatnamasynda matematika dersi hemişe esasy orunda durýar. Matematika dersi dünýäniň ähli ýurtlarynda mekdep meýilnamasynda hökman öwredilýär.

Munuň sebäbi diňe bir sanlar we hasap bilen baglanşykly ukyp başarnyklary ösdürmek däl, eýsem adam beýniniň öýjüklerini hereketlendirip beýleki ukyplara-da ýardam berýär.

Matematika bilen gyzyklanýanlaryň özüne ynamy, söwda-senagat başarnygy, hat-da sportda hem ukyby kemala getirmäge uly ýardamy bar. Işleri tertibe salmak, guramaçylyk hereket etmek, hat-da jemgyýetçilik işlerinde adalatly bolmagy ýola goýmak ýaly ukyplary gazanýar. Kyn meseleleri çalasynlyk bilen alyp çykmagy hem başarýar.

Durmuşda, häzir matematikany okaýan ýa-da ony ulanýan adamlarda matematikanyň başlangyç düşünjeleriniň esasynda matematiki endikleri döretmegiň zerurlygy örboýuna galdy. Matematika pikirlenmäniň we endikleriň başlangyç matematika, ýagny arifmetika sapagynda başlanýandygy bellidir.

Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň çäginde bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge uly üns berilýär. Döwlet we Milli maksatnamalara laýyklykda, bu maksatlar üçin goýulýan maýa goýumlaryň möçberi her ýyl artdyrylyp, ýurdumyzyň çar künjünde bilim maksatly binalaryň gurluşygy üstünlikli amala aşyrylýar. Olar döwrebap tehnologiýalar, okuw-tehniki enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Munuň özi okuw sapaklaryny innowasion usullardan peýdalanyp guramaga doly mümkinçilik berýär. Netijede, ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hili has-da ýokarlanýar.

Arzuw RÖWŞENOWA,

Lebap welaýatynyň, Çärjew etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň mugallymy.