Pulhatyn köprüsi Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň günorta çäklerinde, Tejen derýasynyň daglykdan çykyp, düzlüge ýaýylyp ugraýan ýerinde ýerleşýän, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky gadymy binagärlik ýadygärligidir. Ol türkmen halkynyň taryhynda we medeniýetinde ägirt uly ähmiýete eýe bolan desgalaryň biridir.
Pulhatyn köprüsiniň gurluşynyň senesi alymlaryň arasynda dürli çaklamalary döredýär, emma ol esasan Orta asyrlara, ýagny Seljuklar döwrüne (XI-XII asyrlara) degişli edilýär. Taryhçylar we arheologlar köpriniň orta asyrlarda, ylaýta-da, Türkmenistanyň binagärçilik sungatynyň gülläp ösen döwründe, Sarahsly ussalar tarapyndan salnandygyny belleýärler.Halk arasynda köprüniň gurluşygy meşhur taryhy şahsyýetler, şol sanda Aleksandr Makedonskiý, Emir Teýmir ýa-da Soltan Hüseýin Baýgara ýaly hökümdarlaryň atlary bilen baglanyşdyrylýan rowaýatlar giňden ýaýrandyr.
”Pulhatyn” adynyň gelip çykyşy: Iň meşhur rowaýatlaryň birine görä, bu köpri Tejen derýasynyň ýokary akymynda ýaşan Pulhatyn atly baý bir zenanyň sargydy we serişdesi bilen gurlupdyr. Ol şa goşunlary yzyna gaýdyp gelýänçä, patyşa sowgat hökmünde derýanyň üstünden köpri gurmagy ýüregine düwüpdir. Köprüniň ady hem şol zenanyň ady bilen galypdyr. Pulhatyn köprüsi özüniň berk we owadan gurluşy bilen Orta Aziýanyň inženerçilik sungatynyň ajaýyp nusgasydyr.Köpri esasan bişen kerpiçden örülip, soňra daşky bölegi berk we çydamly bolmagy üçin ýonulan daşlar bilen timarlanyp örtülipdir.Häzirki wagtda köprüniň uzynlygy takmynan 60 metr, ini 3 metr, beýikligi bolsa 10 metr töweregidir.
Köpriniň aşaky bölegi derýanyň suwunyň erkin akmagy üçin niýetlenen 5 sany uly arkadan (gözden) ybaratdyr. Taryhçy Agehiniň XIX asyrdaky ýazgylarynda, köprüde suw geçiriji 5 sany uly arka we 5 sany kiçi arkanyň bolandygy bellenilýär.Köpri Tejen derýasynyň iň çalt akýan we joşgunly ýerinde bina edilipdir. 1976-njy ýylda derýanyň iň bir joşan wagtynda, bu gadymy köpri sekuntda 1600 kubmetr suwy geçirmäge ukyplydygyny görkezipdir, bu bolsa onuň gurluşynyň ýokary inženerçilik hiline şaýatlyk edýär.Russiýa imperiýasynyň döwründe, 1889-njy ýylda köprüde düýpli rejeleýiş işleri geçirilip, esasy gözleri suw akar ýaly goýlup, onuň ähli ýüzi daş bilen berkidilipdir.
Pulhatyn köprüsi diňe bir inženerçilik gurluşy däl, eýsem, ykdysady we medeni taýdan uly ähmiýete eýe bolan strategik desga bolupdyr. Köpri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky möhüm şahasy bolan Merw-Nişapur ýolunyň üstünden geçip, kerwenler üçin Türkmenistandan Eýrana geçmekde ýeke-täk geçelge hökmünde hyzmat edipdir. Ol öz döwründe ýurduň ykdysadyýeti üçin örän wajyp bolan söwda kerwenleriniň howpsuz hereketini üpjün edipdir, şeýle-de harby-strategik taýdan goranyş we ýörişleri amala aşyrmakda esasy rol oýnapdyr.Pulhatyn köprüsi häzirki wagtda Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup, ussat türkmen binagärleriniň we ussalarynyň zehinini, şeýle hem Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky ähmiýetli ornuny görkezýän gymmatly ýadygärlikdir.
Pulhatyn köprüsi, asyrlaryň synagyndan geçenligi bilen, türkmen halkynyň çeper eliniň we inženerçilik pikirlenmesiniň ajaýyp nusgasy bolup durýar.
Gurbanowa Gülçemen
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 101-nji toparynyň talyby

RU



