Taryhyň subut etmegine görä, orta asyr Gündogar medeniýeti adamzat taryhynda uly yz galdyrypdyr. Grekleriň ylymda we filosofiýada gazanan netijeleri ýewropalylara musulman akyldarlarynyň araçylygy esasynda geçirilipdir, ýagny ellinleriň ruhy mirasy şol akyldarlar tarapyndan öwrenilen we özleşdirilendir. Soňra şolaryň döredijiliginiň üsti bilen Ýewropa ýaýran. Şol filosoflar we alymlar bolmadyk bolsa näçe wagtlap ýewropalylar ol mirasdan üzňe bolardylar, asla tanyş bolup bilmezlikleri hem mümkindi.

Yslam siwilizasiýasynyň Ýewropa ýurtlaryna eden täsirini durmuşyň ähli ugurlarynda ylymda, sungatda, filosofiýada duýmak bolýar. Eger tebigy ylymlary  we matematikany alyp görsek, olarda ulanylýan köp adalgalar Gündogaryň halklarynyň dillerinden alnypdyr diýsek ýalňyşmarys. Mysal üçin, himiýa Gadymy Müsürden gaýdýan adyny şu güne çenli saklap gelýär. Matematika ylmy bilen baglanyşykly Günbatarda kabul edilen maglumatlar diňe bir grek çeşmesi bilen çäklenmän, arap, hindi çeşmelerini hem öz içine alýar. Algebra ylmy greklere mälim bolmandyr. Ol ylym öz gözbaşyny Hindistandan alyp, soňra türkmen akyldary  al-Horezmi tarapyndan kämilleşdirilýär. Gündogaryň täsirini sungatda, şol sanda binagärlikde hem görse bolýar. Oňa mysal edip, bitewi binagärlik ugruna at beren gotiki üstýapmalaryny hem-de Ýewropada giňden ýaýran çarbag sungatyny görkezsebolar.

Filosofiýada Gündogar akyldarlarynyň Günbatara orta asyrda eden täsiri has hem güýçli bolan. Şol döwürde ýewropalylaryň grek filosofiýasy bilen tanyşmaga başga çeşmesi bolmandyr. Platonyň we Aristoteliň eserleriniň latyn diline edilen terjimesi grek dilinden däl-de arap dilindendir. Bu ýerde Gündogaryň beýik akyldarlary Ibn Ruşduň we Ibn Sinanyň täsirleri aýdyň duýulýar.

Musulman medeniýetiniň Günbatara eden täsirini çuňňur öwrenen, yslam dinini kabul eden fransuz alymy Rene Genon orta asyrlarda Ýewropada dörän guramalaryň şu ugurda bitiren işlerine uly baha berip, olary «ýewropaly sufiler» diýip atlandyrýar. Olar, R.Genonyň aýtmagyna görä, sufiler bilen aragatnaşykda bolup, musulman dünýäsinde ösen ylymlary Ýewropa ýaýradyp, Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän halka bolup hyzmat edipdirler15. Diýmek, türkmen akyldarlarymyz peýdaly ylmy hem, peýdaly filosofiýany hem döredip bilipdirler. Bu filosofiýa halkymyzyň ruhy medeniýetini berkidýär.Onuň täsir edýän meýdanynda ösüşlere we özgerişlere ýol açylýar.

Medeniýetiň we ylymlaryň gazanan üstünlikleri musulman jemgyýetine hemme taraplaýyn oňaýly täsir edipdir. Netijede, türkmen halkynyň mysalynda görşümiz ýaly, sada-sagdyn ýaşaýyş ýörelgeleriniň taplanmagyna esas döräpdir. Umuman, türkmen halky baý medeni mirasa eýe bolan. Geçen nesiller nusgalyk maddy we ruhy medeni gymmatlyklary, ýaşaýyş ýörelgelerini döredip bilipdirler. Türkmen halkynyň däp-dessurlary, ýol-ýörelgeleri, akyldarlaryň pähim-paýhasy nesillerden-nesillere geçip, türkmen jemgyýetiniň durnuklylygyny we özboluşlylygyny kesgitläpdir.

Myradow Remezan

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 102-nji toparynyň talyby