Türkmenistanyň klimaty üçin diňe bir howanyň gyzgynlygynyň ýokarylygy mahsus bolman, eýsem gün şöhleleriniň dowamlylygy hem mahsusdyr. Merkezi we Günorta-Gündogar Garagumuň gündogarynda orta hasap bilen ol ýylda 2800–3100 sagada ýetýär, emma deňiz ýakasyndaky ýerlerde we Köpetdagyň demirgazyk eňňitlerinde birneme azalýar. Gün şöhlesiniň dowamlylygy ýanwarda 100 sagatdan 150 sagada, iýulda bolsa 320 sagatdan 400 sagada çenli üýtgäp durýar.Gün şöhlesiniň dowamlylygy bulutlylyk bilen ýakyndan baglanyşyklydyr. Bulutlylygyň ortaça möçberi ýurduň bütin çäginde pes, ýagny 3-4 baldyr. Türkmenistanda açyk we ala bulutly günler köp bolýar. Günorta-Gündogar Garagumda açyk howaly günleriň ýyllyk maksimumy 165–185 gün bolup, Üňüz aňyrsyndaky Garagumda 122–132 güne we Hazar deňziniň kenarlarynda 100 güne çenli azalýar. Türkmenistanda ygal az düşýär. Ýylda orta hasap bilen 80 mm-den 360 mm-e çenli ygal düşýär.

Bütin ýylyň dowamynda gurak maýyl howaly pasyl bilen has çygly sowuk howaly pasyl çürt-kesik tapawutlanýar. Sowuk howaly pasylda düşýän ygal, maýyl howaly pasylda düşýän ygala garanda, 2–3 esse köp bolýar. Bütin ýylyň dowamynda ygal deň düşmeýär hem-de birsyhly üýtgäp durýar. Aýry-aýry ýyllarda atmosfera ygallarynyň ýyllyk mukdary 24 mm-den 564 mm-e çenli üýtgeýär. Kämahallar ygalyň gije-gündizlik mukdary ençeme ýylyň ortaça aýlyk kadasyndan hem birnäçe esse artýar. Ygal gar görnüşinde onçakly köp düşmeýär, özi hem, köplenç, noýabrdan marta çenli bolan aralykda ýagýarda hem –30–36°C-ä, günorta-günbatarda we Hazar deňziniň kenar ýakalarynda bolsa –17–19°C-ä ýetýär. Tomsuna düzlüklerde yssy we gurak bolýar. Ol ýerlerde howanyň ýokary temperaturasy iýulda, kenarýaka etraplarda bolsa awgustda bolýar.

Howanyň üýtgewsiz temperaturasy Merkezi we Günorta-Gündogar Garagumda +45–50°C-ä ýetýär. Ýurduň demirgazygynda, kenarýaka etraplarda we daglarda howanyň gyzgynlygy peselýärTürkmenistanyň klimaty. Ol kontinental we gurak klimata eýe bolýar. Klimatyň şunuň ýaly ýagdaýy atmosferanyň sirkulýasiýasynyň aýratynlyklary, ýurduň ägirt uly materigiň jümmüşinde bolmagy, mundan başga-da günortada ýerleşýänligi hem-de günorta-gündogarda we günortada dag ulgamlarynyň barlygy bilen baglanyşyklydyr. Klimatyň kontinentallygy we guraklygy Türkmenistanyň ygala garyp, Gün energiýasyna baý ülke bolmagyna sebäp bolýar. Ol özüniň geografik ýagdaýyna görä Günden örän köp ýylylyk alýar. Gös-göni Gün radiasiýasyndan  düşýän ýylylygyň ýyllyk mukdary ýurtda demirgazykda 80 kkal/sm²-e, günorta-gündogarda bolsa 110 kkal/sm²-e ýetýär. Jemi radiasiýanyň ýyllyk mukdary ýurduň demirgazyk-günbatarynda 130 kkal/sm² bolanlygyndan günorta-günbatarynda 160 kkal/sm²-e çenli üýtgäp durýar.

Türkmenistanda howanyň gyzgynlygy ýylyň dowamynda üzül-kesil üýtgäp durýar. Düzlüklerde ortaça ýyllyk temperatura demirgazykda +11–13°C bolanlygyndan günorta-gündogarda +15–18°C-ä çenli üýtgeýär. Daglarda ýokaryk galdygyňça howanyň temperaturasy pese düşýär, ýagny deňiz derejesinden 1500–2000 m beýiklikde howanyň temperaturasy +7–10°C-ä deňdir. Ýanwar iň sowuk aý hasaplanýar. Bu aýyň ortaça temperaturasy ýurduň demirgazyk-gündogarynda –6° bolanlygyndan günorta-gündogarynda +3°, çetki günorta-günbatarynda bolsa +5°C-ä çenli üýtgeýär. Sowuk howa massalarynyň agdyklyk edýän käbir ýyllary gyşyna has gazaply bolýar, aýaz uzak wagtlap saklanýar.

Öwezmyradowa Nurşat

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 102-nji toparynyň talyby