Häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň şu günki we geljekki ösüşine, onuň döwrebap jemgyýetçilik gurluşyna eýe bolmak mümkinçiliklerine düşünmek üçin ýurduň gujur-gaýratyny bilmek gerek, adamda ýurt duýgusynyň döremegi gerek. Bu duýgyny hiç bir zat çalşyp bilmez. Bu duýgy bagtyýarlyk döwrüniň beýik maksatlaryny amal etmäge esas bolýar. Ol ýurduň tebigy baýlyklaryna, halkyň öz durmuşyny gurmak ukybyna akyl ýetirmek esasynda döreýär. Biziň ýurdumyzyň uly mümkinçilikleri bar.
Türkmenistan Merkezi Aziýanyň günbatar böleginde, demirgazyk giňişligiň 42°48´ bilen 35°08´, gündogar uzaklygyň hem 52°27´ bilen 66°41´ aralygynda ýerleşýär. Onuň çägi demirgazykdan-günorta 650 km-e, günbatardan-gündogara 1100 km-e çenli uzalyp gidýär. Ol Demirgazyk ýarymşaryň aram guşaklygynyň çöller zolagynda ýerleşýär.Türkmenistanyň ýer üstüniň gurluşy aglaba bir meňzeşräk relýefi bolan giň düzlüklerden ybaratdyr. Bu düzlügiň günortasyny Köpetdag, Paropamir we Gissar dag ulgamlary tutýar. Umuman, ýurduň relýefi günbatardan we demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara tarap kem-kemden beýgelýär. Türkmenistanyň tutýan meýdany 491,2 müň km2
. Munuň özi Merkezi Aziýanyň çäginiň 39,8%-ine barabardyr.Onuň ýeriniň 80%-e golaýyny Aziýanyň iň uly çölleriniň biri bolan Garagum, galan bölegini bolsa baýyrlyklar, daglar, derýalar, köller, suw howdanlary, medeni oturymlar (oazisler) tutýar. Onuň çäginde Günorta Maňgyşlak we Ustýurt platosy, Garabil we Bathyz baýyrlyklary, Amyderýa, Murgap, Tejen, Etrek we beýleki derýalar, Garagum derýasy, Garabogaz we «Altyn asyr» Türkmen köli ýerleşýär. Türkmenistanyň tutýan meýdany Angliýanyňkydan 244 müň km2, Italiýanyňkydan 187 müň km2, Ýaponiýanyňkydan bolsa 166 müň km2 köpdür.
Türkmenistanyň geografiki ýerleşişi onuň geosyýasy mümkinçilikleriniň örän ähmiýetlidigini görkezýär. Ol Ýewropa we Aziýa yklymlarynyň çatrygynda ýerleşip,Demirgazyk we Günorta, Günbatar we Gündogar ýurtlary birleşdirmek mümkinçiligine eýe bolýar. Merkezi Aziýada deňze çykmak mümkinçiligi bar bolany sebäpli, Türkmenistanyň mümkinçiligi has hem uly bolýar.
Türkmenistan demirgazykda Gazagystan, demirgazyk-gündogarda Özbegistan,günortada Owganystan we Eýran, günbatarda bolsa Hazar deňzi boýunça Azerbaýjan we Russiýa bilen araçäkleşýär. Türkmenistanyň iň demirgazyk araçägi Daşoguz welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginiň Ýaňgala harabaçylygynyň golaýyndaky Üstýurduň belent çüňki hasaplanýar. Ýurdumyzyň gündogaryndaky iň çetki nokady Köýtendagyň gündogar gerşi bolan Hezretaksar depesi, günbatar nokady Hazar deňziniň kenaryndaky Suwe burny saýylýar. Ýurduň günorta nokady Serhedabat etrabynyň günortasyndaky Çilduhtar diýlen oba hasaplanýar. Türkmenistanyň bütin serhediniň uzynlygy 4600 km-e golaýdyr. Onuň aglaba bölegi Özbegistan bilen günorta goňşularymyz bolan Owganystan we Eýran aralygyndaky serhede degişlidir.
Pökçiýewa Ogulnur
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 102-nji toparynyň talyby

RU












