​Wengen Şweýsariýanyň Bern kantonynyň ýokary Lauterbrunnen jülgesinde, Alp daglarynyň arasynda, gyssagly durmuşdan daşda duran ajaýyp obadyr. Bu ýer, özüniň üýtgeşik ekologiki durmuş düzgüni we täsin tebigy gözelligi bilen dünýäde seýrek duş gelýän bir durmuş tejribesini hödürleýär.Wengeniň iň üýtgeşik we möhüm aýratynlygy, obanyň içinde şahsy awtoulaglaryň dolulygyna gadagan edilmegidir.Bu karar, obanyň asuda durmuşyny, ýokary hilini we alp howasynyň arassalygyny gorap saklamak üçin asyrlara uzap gidýän ýörelgedir. Obada diňe ýaşaýjylar we hünärmentler üçin elektrikli kiçi ulaglar (taksi we ýük daşamak üçin) hereket edýär.

​Wengene diňe ýanaşyk ýerleşýän Lauterbrunnen şäherçesinden çykýan meşhur Jungfrau demir ýoly arkaly baryp bolýar. Bu demir ýol syýahatynyň özi hem Alp daglarynyň arasynda geçýän üýtgeşik bir täsir galdyrýar. Netijede, Wengen durnuklylygy we asudalygy halaýanlar üçin iň gowy dynç alyş nokadyna öwrülip, onuň köçelerinde diňe adamlaryň sesini we tebigatyň şumşuklaryny eşidip bolýar.

Wengen 1274 metr beýiklikde, “günbatar teras” diýilýän ýerde ýerleşýär. Bu strategiki ýerleşiş oňa Alp daglarynyň iň meşhur we görnükli üç dagynyň — Eiger, Mönch we Jungfrau — täsirli we panoramik görnüşini açmaga mümkinçilik berýär. Oba, dünýäde iň çuň jülgelikleriň biri hasaplanýan Lauterbrunnen jülgesiniň, şeýle hem onuň meşhur Staubbah şaglawugynyň üstünden seredýär.Gyşda gar bilen örtülen, ýazda bolsa ýaşyl meýdanlar bilen bezemen Wengen, Şweýsariýanyň bukletlerinden çykan ýaly owadandyr.Wengen Alp daglarynyň sport giňişliginde aýratyn orny eýeleýär.Oba her ýyl Lauberhorn atly meşhur dünýä kubogy derejesindäki erkin lyža (ski) ýaryşyna ýer eýeçiligini edýär. Bu ýaryş, uzynlygy we ýokary tizligi sebäpli, dünýäniň lyža ýaryşlarynyň iň kynlaryndan biri hasaplanýar.

​Wengen, özi we ýanaşyk ýerleşýän Mürren hem-de Grindelwald bilen bilelikde, ulag serişdesi we gowy ýerler bilen birleşdirilen giň lyža we pyýada gezelenç meýdançasyny emele getirýär.

​Wengen diňe bir syýahatçylyk ýeri bolman, eýsem, ýokary hilli ýaşaýşy we asudalygy görkezýän nusgadyr. Syýahatçylar bu ýere gelip, arassa alp howasyndan dem alyp, wagtyny dag gezelençlerinde, ýokary hilli myhmanhanalarda ýa-da sadaja kafelarda dynç almak bilen geçirýärler. Bu ýer, şäher durmuşynyň goh-galmagalyndan saplanmak isleýänler üçin tebigatyň we medeniýetiň ajaýyp utgaşmasydyr.

Döwletowa Ýazgül

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 103-nji toparynyň talyby