Britan Kitaphanasy (British Library – BL) dünýädäki iň uly we iň möhüm ylmy-gözleg kitaphanalarynyň biri bolup, adamyň intellektual we medeni mirasynyň ägirt uly kolleksiýasyny özünde jemleýär. Ol diňe bir kitaplaryň däl, eýsem, ylmyň we taryhyň ähli görnüşleriniň goralýan ýeridir.
Britan Kitaphanasy resmi taýdan 1973-nji ýylda Kanun esasynda döredildi. Ol esasan Britan Muzeýiniň taryhy kitap kolleksiýasynyň esasynda emele geldi. Kitaphananyň täze we häzirki binasy bolsa 1998-nji ýylda London şäheriniň Sent-Pankras meýdançasynda açyldy.Onuň esasy maksady Beýik Britaniýada we Irlandiýada çap edilýän ähli eserleri ýygnamak, goramak we global ylmy jemgyýete ýetirmekdir.Onuň kolleksiýasy 170 milliondan gowrak zady öz içine alýar.
Kitaphana her ýyl takmynan 3 million täze eseri kabul edýär (kanuny goýum talaby esasynda).Eger onuň ähli tekjelerini uzynlygy boýunça hatara düzseň, ol takmynan 625 kilometr uzynlygy emele getirýär – bu san her ýyl 12 kilometr töweregi artýar.Kitaphanany dünýä derejesine çykarýan zat, onuň saklaýan taryhy taýdan iň gymmatly we seýrek duş gelýän golýazmalarydyr.Bu 1215-nji ýylda kabul edilen we demokratiýanyň esasy prinsipleriniň köklerini öz içine alýan meşhur resminamanyň iki sany asyl nusgasy (1215-nji ýyl nusgasy) Britan Kitaphanasynda saklanýar.
Leonardo da Winçiniň Gündelikleri: Galkynyş döwrüniň bu beýik akyldarynyň şahsy bellikleri we çyzgylary.
Gutenbergiň Injili: Ýewropada ilkinji çap edilen kitabyň (15-nji asyr) täsin nusgasy.
Beatles-iň Golýazmalary: Meşhur “Beatles” toparynyň Jon Lennon we Pol Makkartni tarapyndan ýazylan aýdym sözleriniň asyl golýazmalary.
BL diňe bir köne eserleri saklamaýar. Ol häzirki zaman ylmy-gözleg merkezi hökmünde hem hyzmat edýär. Kitaphana öz kolleksiýalarynyň köp bölegini sanly görnüşe geçirip, dünýäniň dürli künjegindäki alymlar we talyplar üçin elýeterli edýär. Kitaphana ses ýazgylarynyň, şol sanda taryhy gepleşikleriň we halk aýdymlarynyň ägirt uly arhiwini saklaýar.Londondaky baş binada ylmy işler üçin ýöriteleşdirilen ajaýyp okaýyş zallary bar.
Britan Kitaphanasy, şeýlelikde, adamzadyň döredijilik we intellektual taryhyny gorap saklamak we ony geljekki nesillere ýetirmek boýunça ägirt uly borjy ýerine ýetirýän, hakykatdanam dünýäniň iň täsirli we gymmatly medeni edaralarynyň biridir.
Baýramowa Baýramgül
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 103-nji toparynyň talyby

RU












