Hohenwerfen Awstriýanyň iň gowy goralan orta asyr galalarynyň biridir. Ol 900 ýyldan gowrak taryhy bar bolan, strategiki taýdan örän ähmiýetli ýerde gurlan binadyr.Gala 1075-nji ýylda Salzburg arhiýepiskopy Gebhard tarapyndan gurlupdyr. Bu gurluşygyň esasy sebäbi, buthana bilen imperatoryň arasyndaky dawada, ybadathananyň (buthana) günorta tarapyny goramak we Zalzak jülgesini gözegçilikde saklamak bolupdyr.
Onuň ady, “Werfen” diýen obanyň adyndan gelip çykýar we “ýokarda duran gala” diýen manyny berýär.Orta asyrlarda gala diňe bir administratiw merkez bolman, eýsem, ýokary derejeli syýasy tussaglary saklamak üçin hem zindan hökmünde ulanylypdyr. Tussaglaryň arasynda hatda iki sany Salzburg arhiýepiskopy hem bolupdyr (Adym IV we Dietrih V).
1525-nji ýylda, Ferma gozgalaňy döwründe, gala güýçli zeper ýetip, ýakylypdyr. Ýöne soňra Arhiýepiskop Matthaus Lang von Wellenburg tarapyndan gysga wagtda has berk görnüşde täzeden gurlupdyr.1931-nji ýylda galada ýangyn çykyp, onuň köp bölegi ýanypdyr. Täzeden dikeldiş işleri II Jahan Urşuna çenli dowam edipdir.Häzirki wagtda ol Döwlet ýa-da Salzburg ştatynyň mülki bolup, muzeý we syýahatçylyk ýeri hökmünde ulanlylyp, taryhy gyzyklanmalar üçin açykdyr.Hohenwerfen galasynda iň köp gyzyklanma döredýän aýratynlyk onuň Salzburg Falkonri Taryhy Merkezi-dir.
Falkonri (ýyrtyjy guşlar bilen aw etmek) orta asyrlarda iň meşhur we asylly işleriň biri bolupdyr. Gala bu taryhy ýörelgäni dowam etdirýär.Her gün belli bir wagtda myhmanlar üçin ýyrtyjy guşlaryň (bürgütler, laçynlar, baýguşlar) gatnaşmagynda tomaşalar guralýar. Bu tomaşalar guşlaryň näderejede çalasyn we akyllydygyny görkezip, ýokary tebigy sarsgyny döredýär.Merkeziň esasy maksady Falkonri taryhyny gorap saklamak we ýyrtyjy guşlaryň ähmiýetini düşündirmekdir.
Bu galanyň täsirli we owadan daşky görnüşi sebäpli, ol köp sanly meşhur filme we teleseriala sahna bolup hyzmat edipdir. Galanyň iň meşhur çykyşlarynyň biri 1968-nji ýylda surata düşürilen “Where Eagles Dare” (Bürgütleriň Batyrlyk Edýän Ýeri) filmi bolup, onda baş rollary Klint Istwud we Riçard Burton ýerine ýetirýärler. Bu film galany halkara derejede has meşhur etdi.Şeýle-de, “The Man in the High Castle” ýaly teleseriallaryň käbir sahnasynda hem bu gala görkezildi.
Hohenwerfen galasy, gysgaça aýdylanda, Awstriýanyň Alp daglarynyň arasynda duran, orta asyrlaryň gorag we awçylyk däplerini häzirki güne ýetiren, örän täsirli we taryhy ähmiýetli binadyr.
Täçmedow Nurjan
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 103-nji toparynyň talyby

RU












