​Holirud Köşgi (Palace of Holyroodhouse) Şotlandiýanyň paýtagty Edinburg şäheriniň merkezinde, Edinburg Galasynyň garşysynda, Şotlandiýanyň taryhy boýunça iň möhüm binalaryň biri bolup durýar. Köşk, Patyşanyň (King Charles III) Şotlandiýadaky resmi rezidensiýasy bolup, Şotlandiýanyň taryhynda we syýasy durmuşynda esasy rol oýnapdyr.Köşgüň taryhy, onuň golaýynda ýerleşýän Holirud Abbaýy (Holyrood Abbey) bilen berk baglanyşyklydyr.

​Ilkinji bina 1128-nji ýylda Patyşa Dawid I (David I) tarapyndan gurulýar. Rowaýata görä, Patyşa aw edip ýörkä bu ýerde aýratyn bir haç (Holy Rood) görüp, ybadathanany guran.Soňraky Patyşalar, esasan hem Stýuart neberesi (Stewart Dynasty), Abbaýyň golaýynda köşk gurup başlaýarlar. Köşk 15-nji asyrdan bäri Şotland Patyşalarynyň esasy jaýy bolup hyzmat edipdir.Köşgüň taryhyndaky iň dramatik we meşhur döwür Şotlandiýanyň Patyşasy Mariýanyň (Mary, Queen of Scots) (1542–1567) döwrüne gabat gelýär.Mariýanyň taryhy köşgüň içinde örän uly rol oýnapdyr. Iň agyr wakalaryň biri, 1566-njy ýylda onuň şahsy sekretary Dawid Rizionyň (David Rizzio) Mariýanyň otagynda, onuň ikinji adamsy Lord Darnli (Lord Darnley) tarapyndan guralan toparyň elinde aýylganç öldürilmegi bolupdy. Köşkde bu ganly wakanyň yzlary we galyndylary henizem bar.

​Mariýanyň köşgüň demirgazyk-günbatar burçundaky taryhy otaglary myhmanlar üçin iň gyzykly nokatlaryň biridir. Bu otaglar onuň ýaşan we iň möhüm kararlary kabul eden ýerlerini görkezýär.Holirud Köşgi häzirki wagtda Patyşanyň Şotlandiýadaky resmi mesgeni hökmünde ulanlylyp, möhüm administratiw we döwlet dabaralarynyň merkezi bolup durýar.Patyşa Çarlz III her ýyl Şotlandiýada bolan wagty (adatça iýul aýynda) bu köşkde ýaşaýar. Bu döwür “Holyrood Week” ýa-da “Royal Week” diýlip atlandyrylýar.Köşkde Şotlandiýanyň syýasatçylary, jemgyýetçilik işgärleri we halkynyň hormatly agzalary kabul edilýär.Köşgüň iň täsirli we owadan bölegi, onuň golaýynda ýerleşýän Holirud Abbaýynyň harabaçylygydyr. Bu harabaçylyklar gotik stilindäki uly ybadathananyň diňe diwarlarynyň we sütünleriniň galyndylarydyr. Abbaý 18-nji asyrda ýaňky ýagdaýyna gelipdir.

​ Bu ýerde köp sanly Şotland Patyşalary täç geýdirilipdir we jaýlanypdyr. Onuň dramatiki haraba görnüşi, Şotlandiýanyň çylşyrymly taryhyny we Patyşalygyň ösüşini görkezýär.Holirud Köşgi – Şotlandiýanyň taryhynyň, syýasatyň we patyşalyk durmuşynyň esasy nyşany. Ol daş-töweregindäki meşhur Artur Otagynyň (Arthur’s Seat) tebigy gözelligi bilen birleşip, Edinburg şäheriniň iň esasy turistik nokatlarynyň biridir.

Atageldiýewa Bossan

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 103-nji toparynyň talyby