Fransiýanyň merkezi böleginde ýerleşýän we “Fransiýanyň Bagy” hem-de “Fransiýanyň Patyşalarynyň Watany” diýlip atlandyrylýan Luara jülgesi (Loire Valley), tebigatyň gözelliginiň, taryhyň we ajaýyp binagärligiň seýrek duşýan utgaşmasydyr. Ol diňe bir fransuz taryhynyň däl, eýsem, tutuş Ýewropanyň Galkynyş (Renessans) döwrüniň ruhuny özünde jemleýär.
1000 Kilometrden gowrak Ýadygärlik: Luara jülgesi, Fransiýanyň iň uly we iň möhüm taryhy we medeniýet meýdanlaryndan biridir. 2000-nji ýylda 280 kilometrden gowrak meýdany (Sulli-sýur-Luaradan (Sully-sur-Loire) Şalona (Chalonnes) çenli) ÝUNESKO tarapyndan Bütindünýä Mirasy diýlip yglan edildi. Bu, esasan, onuň landşaftynyň aýratynlygy we 300-den gowrak uly-kiçi galanyň (Châteaux) jemlenmegi sebäplidir.XV we XVI asyrlarda, ýagny Galkynyş (Renessans) döwründe, fransuz patyşalary (esasanam Fransua I) öz köşklerini Luara jülgesine geçirdiler. Munuň sebäbi, jülge Pariže has ýakyn we has howpsuzdy. Patyşalar Italiýanyň täsirinde ajaýyp we kaşaň galalary gurmaga başladylar, olaryň iň meşhurlary Château de Chambord we Château de Chenonceau galalarydyr.
Beýik suratkeş we inžener Leonardo da Winçi ömrüniň soňky ýyllaryny, 1516-njy ýyldan 1519-njy ýyla çenli, Patyşa Fransua I-niň çakylygy bilen Luara jülgesinde, Château du Clos Lucé atly galada geçirdi. Onuň Käbir inženerçilik taslamalary we dizaýnlary bu jülgedäki galalaryň gurluşyklarynda ulanylyp bilner.Luara derýasy Fransiýanyň iň uzyn derýasy bolup, jülge öz adyny şondan alýar. Derýa kenaryndaky toprak gaty hasylly bolup, bu ýer miweler, bakja ekinleri we esasan-da üzümçilik üçin ajaýyp şertleri döredýär.Jülge meşhur fransuz şerap sebitleriniň biridir. Bu ýerde has köp ak şeraplar (esasanam Chenin Blanc we Sauvignon Blanc üzümlerinden taýýarlanan) öndürilýär. Sancerre we Vouvray ýaly meşhur şerap atlary dünýä belli bolup, Luara jülgesiniň şeraplarynyň ýeňilligi we täzeligi bilen tanalýar.
Bu galamyň aýratynlygy bar. Ol Luara derýasynyň ýanaşyk bir golunyň üstünde gurulandygy üçin ajaýyp görnüşe eýedir. Taryhda bu gala köplenç aýallaryň dolandyrmagynda bolupdyr. Iň meşhurlarynyň arasynda II Henri patyşanyň söwer ýary Dian de Puatiýe we onuň aýaly Katerin de Mediçis bar. Şu sebäpli, bu gala “Zenanlaryň Galasy” adyny aldy.
Luara jülgesi — taryh bilen tebigatyň, sungat bilen şarapyň garyşan ýeridir we Fransiýanyň iň ajaýyp syýahatçylyk ugurlaryndan biridir.
Jumaýewa Gulaýym
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 103-nji toparynyň talyby

RU












