​Warwik Galasy Angliýanyň Warwikşir sebitinde, Eýwon derýasynyň (River Avon) kenarynda ýerleşýän, güýçli harby taryhy we ajaýyp gurluşy bilen tanalýan galadyr. Ol orta asyr goranyş binagärliginiň iň gowy nusgalarynyň biri hasaplanýar we asyrlaryň dowamynda Angliýanyň syýasy we harby durmuşynda esasy rol oýnapdyr.

​Galanyň taryhy 1068-nji ýylda, Angliýany basyp alan Norman Patyşasy Wilgelm I (William the Conqueror) tarapyndan başlanýar. Ol öz agalygyny berkitmek we ýerli halky kontrollykda saklamak üçin birnäçe gala gurupdyr, Warwik hem şolaryň ilkinjilerindendir.Ilkinji gala diňe ýerli agaç we toprakdan gurlan adaty Motte-we-Baýli galasy bolupdyr. Soňra, orta asyrlarda, bu ýerde daşdan gurlan we häzirki görnüşine golaý has berk gurluşlar peýda bolup başlaýar.Galanyň häzirki täsirli daşky görnüşiniň köp bölegi XIV asyrda, meşhur Ýüz Ýyllyk Söweşi döwründe gurlupdyr. Bu döwürde galanyň esasy goranyş desgalary, şol sanda meşhur Sezar Diňi (Caesar’s Tower) we Gaý (Guy’s) Diňi gurlupdyr. Bu diňler beýikligi we berk gurluşy bilen duşmanlar üçin ýeňilmez goranyş sistemasyny döredipdir. Galanyň goranyş usullarynda Angliýanyň we Fransiýanyň arhitektura aýratynlyklary utgaşýar. Aýratyn hem onuň gat-gat goranyş diwarlary (Barbican) we ähli tarapdan ok atmak üçin niýetlenen açyklykly diňleri onuň harby strategiýasynyň iň ýokary derejesini görkezýär.Galanyň taryhynda ol diňe bir harby nokady bolman, eýsem, birnäçe ähmiýetli rollary ýerine ýetiripdir.

​Orta asyrlarda we soňky döwürlerde, galanyň ýerzindany ýokary derejeli tussaglary saklamak üçin ulanylypdyr.Gala, iň meşhur adamlaryň biri bolan “Patyşa Ýasawulçysy” Riçard Nýuwil (Richard Neville), Warwikyň Graflarynyň iň meşhury we Güller Söweşi (Wars of the Roses) döwrüniň esasy şahsyýeti bolupdyr. XVII asyrda gala, esasan, ýaşaýyş jaýy hökmünde döwrebaplaşdyrylyp, goranyş funksiýasy azalypdyr.

​Häzirki wagtda Warwik Galasy häzirki zaman syýahatçylyk ýeri hökmünde ulanlylyp, myhmanlara orta asyr durmuşynyň teatrlaşdyrylan görnüşlerini hödürleýär. Galada yzygiderli orta asyr söweşleriniň, falconry (ýyrtyjy guşlar) görkezilişleri, we söweşijileriň ýaşaýşyny görkezýän janly çykyşlar guralýar. Galanyň içinde interaktiw sergiler ýerleşýär. Bu sergiler myhmanlara söweş gurallaryny, patyşalyk otaglaryny we hatda “Zindan” sergisini görmäge mümkinçilik berýär.Warwik Galasy – Angliýanyň orta asyr güýjüniň we monarhiýasynyň mirasynyň aýdyň nyşany bolup, taryhyň we fantastikanyň birleşýän täsirli mekanydyr.

Mämetkulyýewa Şemşat

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 103-nji toparynyň talyby