Horezmiň Köne – Was şäheriniň giçki antik döwründe salnan jaýyň esasy zalyndan toýundan ýasalyp, üstünden ýuka ak suwag suwalan heýkelleriň galyndylary tapyldy. Olaryň diňe galybynyň bölekleri saklanypdyr. Heýkelleriň biriniň oturan görnüşde ýasalandygyny aňmak bolýar.
Olar özleriniň daşky görnüşi boýunça Türkmenistanyň ýerlerinden daşarda tapylan käbir heýkellere ýakyndyr. Ýokary çeperçilik bilen ýasalan şol heýkelleriň köpüsi, Toprakgala şäherindäki Horezm patyşalarynyň köşgüniň harabalygyndan tapyldy.Köne Was heýkeliniň bölekleri-de edil merwli uly senetçilik ussahanasynyň hojaýynynyň öýünden tapylan I-II asyrlara degişli gipsden edilen sütüniň ujy (kapitel),antik Türkmenistanda heýkelleriň diňe bir köşklerdir ybadathanalaryň bezegi üçin ýasalmandygyna kepil geçýär.Beýik zenan hudaýynyň keşbinde güýpli özgerişler, täze eýýamyň ilkinji asyrlarynda, antik Horezmiň heýkeltaraşlyk sungatynda hem bolup geçýär. Bu ýerde zenan hudaýynyň şekili egni syk dokalan agyr lybasly, aýaklaryny gerip, elindäki çagasyny emdirip oturan görnüşde berlipdir. Ýüzlerinde hiç hili duýgy alamaty görünmeýän, kellelerine üç şahly başgap geýen zenan heýkeljikleri bu ýerlerde giňden ýaýrapdyr. Şu hili heýkeljikleriň bölekleri Kuşan döwrüniň Küýzeligyr hem Galalygyr şäherlerindäki küýze bişirilýän küreleriň ýanyndan tapyldy. Olaryň hiç hili duýgy alamaty görünmeýän gödeksi ýüz keşpleri gadymy Gündogar sungatynyň heýkel keşplerini ýadyňa salýar.Türkmenistanyň demirgazyk böleginde ýerleşýän Horezm döwletiniň gadymy şekillendiriş sungaty milli medeniýetimiziň aýratyn gymmatly hazynasyny özünde jemleýär. Taryhy tapyndylarda Horezmiň medeni ilat merkezleri bolan Duzgyrgan (miladydan öňki VI-IV asyrlar), Ýasygyrdan (miladydan öňki VII-VI asyrlar), Küýzeligyr galasyndan (miladydan öňki VI asyr), Toprakgala ýadygärliginden (miladydan öňki IV-III asyrlar), Galalygyr ýadygärliklerinden (miladydan öňki VI-I asyrlar), Köne Was ýadygärliginden (miladydan öňki IV – miladynyň IX asyrlary) tapylan önümler has-da öwrenilmäge degişlidir. Guýsaýlylara degişli obalardan galla saklanýan humlaryň, uly küýzeleriň hem-de daş owguçlaryň tapylmagy hem ýerli ýaşaýjylaryň amaly-haşam sungatynyň ösüş derejesini öwrenmäge mümkinçilik berýär.
Horezmiň sungatynyň koroplastika tapyndylarynda Eýran bilen baglanyşykly meňzeşlikleriň bardygy açyk bildirýär. Emma Horezmiň sungatynyň Mesopotamiýanyň sungaty bilen baglanyşygynyň has-da gadymydygyny arheologiki tapyndylar subut edyärler. Ol baglanyşygyň kökleri Ahemenileriň agalygy döwründe, olara tabyn welaýatlaryň ilatynyň arasynda saklanyp galan däpler bilen bagly bolmagy mümkin. Miladynyň öňki IV-III asyrlar tutuş Gündogarda bolşy ýaly, Türkmenistanyň ýerlerinde hem uly syýasy sarsgynlyklaryň bolup geçen döwri hasaplanylýar. Parfiýanyň, Horezmiň monumental heýkeltaraşlykdyr nakgaşçylyk sungatynyň diwar ýüzi heýkelleri hem bezegleri özleriniň özboluşlylygyny, ýokary çeperçiligini saklapdyr. Olar plastika amaly sungatyna, ýagny keramika önümlerinde,şeýle-de metal önümlerinde-de öz ornuny tapypdyr. Parfiýanyň ajaýyp halylary greklerdir rimlileriň arasynda-da şöhratlanypdyr. Emma, ýokarda aýdylyşy ýaly, güýçli ösýän gul eýeçilik jemgyýeti şäherleriň ýokary göterilmegine, binagärligiň pajarlap ösmegine oňaýly şert döredipdir.
Muhiýew Haýdar
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 104-nji toparynyň talyby

RU












