Gadymy döwrüň edebi çeşmeleri Parfiýanyň halkynyň arasynda haly we mata dokamagyň giňden ýaýranlygyny açyk-aýdyň görkezýärler. Pazyryk depesinden tapylan dünýäniň iň gadymy halysy Günorta Sibiriň  Altaý welaýatynyň gadymy türk halklarynyň Watanydygyna bu gün hiç kime hiç hili şübhe goýanok. 1948-nji ýylda rus alymy, arheolog-taryhçy S. Rudenko tarapyndan gazuw-agtaryş işleri netijesinde Pazyryk depesinden tapylan  şol el çitimli gadymy haly massaget taýpalary tarapyndan dokalypdyr. Massagetler «skif» diýlip atlandyrylýan halklaryň bir taýpasydyr. Olar Günbatar  Türkmenistanda Hazar deňziniň ýakalarynda ýaşapdyrlar. Pazyryk depesinden tapylan haly miladydan öňki V-III asyrlarda dokalan.

Bu taryhyň ýaňyndan habar berýän halynyň argajy, erşi, çitimi, ýüpi ýüňden  bolup, boýaglary tebigy boýaglardyr. Gyzyl, ak, açyk sary, ýaşyl, goňur reňkler ulanylyp dokalan Pazyryk halysynyň kompozisiýasy beýleki halylaryňky ýaly düzülendir. Onuň gyra nagşynda we älemiň ýerinde hakyky görnüşdäki guşlar, sugunlar, adamlar we atlar şekillendirilen. Halynyň gyra nagşynda sugunlaryň sany 24, atlaryň sany 28, merkezi meýdanynda bolsa 24 sany gönübuçluk ýerleşdirilendir.Pazyryk halysynyň merkezi meýdanyndaky sekiz şöhleli «ýyldyz» äheňli nagyş «çarhypelek» nagşyna meňzeşdir. Pazyryk halysynda seýle hem adamlaryň, atlaryň we atlylaryň inedördül çarçuwa salnan şekilleri bilen bir  hatarda guşlaryň, dazzarkeliň şekilleri hem bar.

Pazyryk halysyny döreden massaget taýpalary barada gadymy Orta Aziýa medeniýetini we taryhyny öwreniji, arheolog alym S.P.Tolstow şeýle ýazýar: «Türkmen halysy diňe özüniň uly şertliligi bilen tapawutlanýar. Onuň şekiliniň nagyşlanmagy bolsa müňýyllyklardan geçen nagyşlaryň umumy ykbalydyr. Pazyryk halysynda hakyky türkmen halysyna mahsus nagyşlaryň, olarda hakyky türkmen kompozisiýasynyň barlygy, pazyryk halysyny dokan ussatlaryň çykan etniki gurşawynyň taryhy türkmen halkynyň medeniýeti düzülen topragynda dörän, ýagny massaget taýpalary bilen baglydyr diýip pikir etmäge mümkinçilik berýär». Şeýlelikde, gadymy döwletleriň oturymly şäher ilaty bilen gatnaşykda bolmak, käbir halatlarda  bolsa ýanaşyk ýaşamak bilen, massagetler haly dokmaçylygyny ýaýradyjylar bolup hyzmat edipdirler.

Orazberdiýew Abdylla

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 104-nji toparynyň talyby