Medeni antropologlar käbir däp-dessurlaryň nähili döreýşini öwrenýärler. Mysal üçin, olar uzak ýerlerde ýaşaýan adaty taýpalary öwrenmek bilen, öz jemgyýetimiziň hem öňler nähili ýaşan bolmagy mümkindigine düşünmäge kömek edýärler.Medeni antropologiýa (Cultural Anthropology) adamyň döreden medeniýetlerini we jemgyýetleriniň köpdürlüligini, olaryň nähili işleýändigini, üýtgeýändigini we biri-biri bilen nähili baglanyşyklydygyny öwrenýän antropologiýanyň esasy pudagydyr.Medeni antropologlar, adamlaryň ynamlaryny, däp-dessurlaryny, ýaşaýyş Endiklerini, dili, syýasy ulgamlaryny we ykdysady işlerini öwrenmek bilen, adam durmuşynyň global spektrine düşünmäge çalyşýarlar.
Etnografiýa (Ethnography)Bu, medeni antropologiýanyň iň esasy barlag usulydyr. Etnografiýa, belli bir jemgyýetiň durmuşyny düýpli öwrenmek we suratlandyrmak diýmekdir.
Nädip ulanylýar? Antropologlar “meýdan işini” (fieldwork) geçirýärler. Olar adatça bir ýyl ýa-da has köp wagt öwrenýän jemgyýeti bilen bile ýaşaýarlar, olaryň dilini öwrenýärler we gündelik durmuşa gatnaşýarlar (bu gatnaşyjy syn (participant observation) diýlip atlandyrylýar). Munuň maksady, öwrenilýän adamlaryň dünýäsine olaryň öz nukdaýnazaryndan (bu emik nukdaýnazary diýilýär) düşünmekdir.Medeni antropologlar, islendik medeni endigi ýa-da däbi “gowy” ýa-da “erbet” diýip höküm etmezden, onuň şol jemgyýetiň çäginde nähili funksiýa ýerine ýetirýändigine düşünmäge çalyşýarlar.Bu, adamyň medeniýetiniň bir bölegini (mysal üçin, ykdysadyýetini) beýleki böleklerinden (mysal üçin, dininden) bölüp aýyrmazdan, ähli bölekleriň özara baglanyşyklydygyny kabul edýän prinsipdir.Medeniýeti bir bitewi we kompleks ulgam hökmünde görmäge mümkinçilik berýär.
Maşgala we Gudaçylyk (Kinship and Marriage): Jemgyýetleriň garyndaşlyk gatnaşyklaryny, maşgala gurluşlarynyň we nika däpleriniň nähili üýtgeýändigini öwrenýärler.
Din we Ynam Ulgamlary (Religion and Belief Systems): Dini däp-dessurlaryň, mifleriň we ruhy ynamlaryň jemgyýetçilik durmuşyna nähili täsir edýändigini seljerýärler.
Syýasat we Hukuk (Politics and Law): Jemgyýetçilik düzgünini saklamak, karar kabul etmek we konfliktleri çözmek üçin nähili ulgamlaryň ulanylýandygyny öwrenýärler.
Ykdysady Antropologiýa (Economic Anthropology): Harytlaryň we hyzmatlaryň öndürilişini, paýlanyşyny we sarp edilişiniň medeni manysyny (diňe pul manysynda däl-de) öwrenýärler. Mysal üçin, ykdysady ulgamlaryň haýsy ýerlerde “sowgat berijilik” esasynda işleýändigini öwrenmek.
Globallaşma (Globalization): Dünýäniň medeniýetleriniň biri-birine nähili täsir edýändigini, medeniýetleriň ýaýraýşyny we ýerli däpleriň global täsirlere garşy nähili üýtgeýändigini (ýa-da ýitýändigini) öwrenýärler.
Medeni antropologiýa bize diňe bir daşary ýurt medeniýetleri barada maglumat bermek bilen çäklenmän, eýsem öz medeniýetimize-de täzeçe garamaga kömek edýär.
Başga medeniýetleri öwrenmek arkaly, biz öz durmuşymyzda adat edinşen we tebigy hasaplaýan zatlarymyzyň (mysal üçin, iş tertibi, naharlanmak Endikleri, pul bilen gatnaşyk) diňe bir medeniýetde kabul edilen bir opsiýadygyny görýäris. Bu ylym özara düşünişmegi güýçlendirýär we jemgyýetçilik problemalaryny çözmekde (mysal üçin, halkara hyzmatdaşlykda, saglyk hyzmatlaryny dizaýn etmekde) uly ähmiýete eýedir.
Medeni antropologlar, medeniýetiň akmaýan däl-de, eýsem üýtgeýän, hereket eden zat hökmünde düşündirilmegine uly goşant goşdular.
Orazberdiýewa Mahym
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 104-nji toparynyň talyby

RU












