Türkmenistanyň çäklerinde 300-den  gowrak boýag maddalaryny özünde jemleýän  ösümlikler ösýär. Türkmenistanyň yssy howasy  şol ösümlikleriň ösmegine, olarda boýag maddalarynyň ýygnanmagyna kömek edýär. Haly  dokmaçylygy üçin köpdürli gyzyl reňkleriň  gerekligi zerurdyr.Bir reňki (boýagy) berýän ösümliklerden dürli reňk öwüşginini alyp bolýar. Ösümlikler, köplenç, Merkezi Köpetdagda, Amyderýanyň kenarlarynda, Günorta-Günbatar Türkmenistanyň oazislerinde  duş gelýär. Olara halkyň arasynda çöpboýalar  diýilýär. Dürli gyzyl reňkleri, mämişi reňkden  başlap, goňur-gyzyl öwüşginli reňklere çenli Çöpboýa «marena» diýlip hem atlandyrylýar.Alynky we Merkezi Aziýada gadymdan bäri bu ösümlikden boýag alnyp gelinýär.

Çöpboýa tebigy hem-de emeli ýagdaýda ösdürilýär. Bu ösümlik Lebap welaýatynda köp  ösdürilýär. Ol diňe bir boýag hökmünde däl–de, eýsem derman önümçiliginde hem giňden ulanylýar. Türkmenistanyň çäklerinde ondan başga-da, hoz, zirk agaçlarynyň miweleri  gyzyl reňkden başlap, tä melewşe reňke çenli  boýag öwüşginlerini berýärler.

Zirkden hem-de nardan alnan reňkler näçe ýuwulsa-da solanok.

Ýüzärlik – onuň çigidinden sarydan başlap, goňur-gyzyl reňklere çenli  alynýar. Ýüzärlik otuny tütedeniňde onuň tüssesiniň mikroblary öldürýän guýjüniň bolandygy sebäpli, ol halk lukmançylygynda giňden ulanylýar.

Pisse ýa-da bozgonç özünde ýüňi we ýüpegi boýamak uçin gara, çal hem- -de owadan gyzyl reňk berýän maddalary saklaýar.

Hoz miweleriniň daşyndaky bişmedik gabygyndan ýaşyl reňk alyp  bolýar. Onuň daşyndan we ýapraklary saklaýan bölejik şahalaryndan sary reňkden başlap, tä gara reňk öwüşginine çenli alyp bolýar.

Yşgyn – bu ösümlikden owadan gyzyl, melewşe, gara, açyk sary reňkleri alyp bolýar.

Gök (nil) reňk XIX asyryň aýagyna çenli Hindistandan Eýranyň üsti bilen  getirilýärdi. Boýagy başgaça «nil» diýip hem atlandyrypdyrlar. Edebiýatda ol «indigo» ady bilen tanalýar. Indigo Hindistanda uly bolmadyk gyrymsy agaçdan ýygnalýar. Onuň şahalary birnäçe gezek suwa ýatyrylyp, ýumşadylypdyr.

Şeýlelikde, ol ýüp ýa-da basgylanan kerpiç görnüşinde söwda harydy hökmünde getirilipdir. Halyçylar olary bölekläp sokuda döwýärler we kül ýaly ownadyp, gök reňki (boýagy) almak üçin ulanýarlar.

Koşenil – organiki boýag bolup, ol guran «koşenil» atly mör-möjekden  alynýar. Bu mör-möjek Sibirde, Kawkazda, Türkmenistanyň Sumbar jülgesiniň agaçlarynda ýaşaýar. Ol gurandan soň agajyň aşagyna dökülen mör-möjekleri çöpleýärler we sokuda döwüp, kül ýaly ownadyp, boýag hökmünde ulanýarlar.

Aşgar. Aşgar boýalan ýüpegiň reňkini saklamak üçin gerek bolýar. Ýüň,  nah hilli ýüpleri her hili reňke boýamak üçin aşgary ulanmak gerekdir. Aşgar reňkiň solmazlygyny üpjün edýär. Bugdaýyň dänesinden alynýan ajy aşgar iň  gowy aşgar hasaplanýar. Ol dokmaçylykda giňden ulanylýar. Aşgar hökmünde  zäk, ýüzärlik, çerkeziň küli, çoganyň şiresi we küli hem peýdalanylýar. Bugdaýyň däneleri ýyly suwda mynçgalanýar we gowy ajar ýaly iki gün küýzäniň  içinde saklanýar. Soňra ol süzülýär. Şeýdip aşgar alynýar. Hemme ýüň ýüpler aşgara (aja) ýatyrylýar, iki günläp olar küýzäniň içinde gowy ezilýär, bişýär. Ýüpler aşgardan çykarylyp, suwda gowy durlanýar, guradylýar we ýüpler  boýaga taýýar. Netijede, öçmeýän dürli boýag reňklerini alan ýüpler taýýarlanylýar.

Orazow Ýazmämmet

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 104-nji toparynyň talyby