Germaniýanyň Mosel derýasynyň ýokarsyndaky dykyz tokaýlyklarda gizlenip ýatan Eltz köşgi (Burg Eltz), diňe bir taryhy bina däl-de, eýsem, ertekiler dünýäsinden syzyp çykan ýaly üýtgeşik bir täsinlikdir. Bu köşk, Germaniýanyň beýleki köşklerinden tapawutlanýan gyzykly we seýrek aýratynlyklary bilen dünýä meşhurdyr.
Eltz köşgüniň iň täsin we esasy aýratynlygy, onuň 850 ýyldan gowrak wagt bäri şol bir maşgala—Eltz maşgalasyna degişli bolmagydyr.Köşk, 12-nji asyrda esaslandyrylypdyr we häzirki wagtda Eltz maşgalasynyň 33-nji nesli tarapyndan dolandyrylýar.Ýewropadaky köşkleriň aglabasy söweşler, ynkylaplar ýa-da ýok bolmak sebäpli eýesini çalşanda, Eltz maşgalasy köşgi ähli taryhy hadysalardan aman alyp galypdyr.
Eltz köşkleriň arasynda seýrek duş gelýän beýleki bir aýratynlygy, onuň hiç haçan ýa-da diýen ýaly ýykylmandygy ýa-da basylyp alynmandygydyr.Orta asyrlarda we soňraky döwürlerde Germaniýany sarsdyran köp sanly söweşden (şol sanda Otuz ýyllyk söweşden hem) aman galypdyr. Köşk, 70 m belentlikdäki dag daşynyň üstünde gurlupdyr we üç tarapyndan Elzbah derýasy bilen gurşalandyr. Bu onuň goragyny has-da kynlaşdyrýan tebigy gorag bolup hyzmat edipdir.
Eltz köşgüniň binagärligi örän üýtgeşikdir, sebäbi ol ýeke-täk binalar toplumy hökmünde däl-de, birleşen üç sany aýry maşgala şahasynyň (Rodendorf, Rübenah we Kempenih) öz jaýy hökmünde gurlupdyr. Şonuň üçin oňa “Ganerbenburg” (bilelikdäki mirasçylar köşgi) diýilýär.Netijede, köşkde Roman, Gotik we Barok stilindäki elementleriň garyndysy ýüze çykýar. Köşgüň öz içinde sekiz sany 35\ m çenli ýokary galýan diňler, 100-den gowrak otag we 100-e çenli maşgala agzasyny ýerleşdirip biljek ýaşaýyş meýdanlary bar.
Bu köşgüň Germaniýa üçin ähmiýetini görkezýän täsin bir fakt hem bar: Eltz köşgüniň suraty Germaniýa ýewro pul birligine geçmezden öň, meşhur bolan 500 Germaniýa Markasy (DM) banknotynyň yzky ýüzüne ýerleşdirilipdi. Bu, onuň ýurduň taryhy we medeniýeti üçin näderejede möhümdigini görkezýär.Eltz köşgi, diňe bir “ertekilerdäki ýaly” owadan däl, eýsem, Ýewropa taryhynyň, maşgala wepalylygynyň we binagärlik sungatynyň ýagty mysaly bolup durýar.
Syhmyradowa Şirin
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 105-nji toparynyň talyby

RU












