​Ispaniýanyň Segowia şäherinde, Eresma we Klamores derýalarynyň birleşýän gaýaly nokadynda gurlan Alcázar de Segovia, dünýädäki iň meşhur we görnükli orta asyr galalarynyň biridir. Ol özüniň üýtgeşik we täsirli görnüşi sebäpli, köplenç ertekilerde suratlandyrylýan galany ýatladýar.

​”Alcázar” Sözi: Köplenç ispan dilinde “Alcázar” sözi arap dilinden gelip, “gala” ýa-da “galaly patyşa ýaşaýyş jaýy” diýmekligi aňladýar. Emma, Segowia Alcázary ilkinji gezek ýazmaça çeşmelerde (XII asyrda) agzalanda, onuň aslynyň has irki, takmynan, rim döwründen galan harby berkitme bolandygy çak edilýär. Segowia Alcázarynyň meşhur we syrly görnüşi, dünýäniň iň meşhur binagärlik eserleriniň birine, ýagny ABŞ-daky Walt Disney World-daky “Köpükçegiň Galasynyň” (“Cinderella Castle”) dizaýny üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat edendigi giňden ynanylýar. Onuň görnükli diňleri we gaýanyň üstündäki ýerleşişi hakykatdanam ertekilerdäki ýaly täsindir.

Alcázar Segowiýa, Tordesillas ýa-da Sewilýa Alcázary ýaly beýleki patyşalyk jaýlaryndan has ir, ýagny XII asyryň başyndan bäri Kastiliýa Patyşalygynyň patyşalarynyň esasy rezidensiýasy bolup hyzmat edipdir.

Ispaniýanyň iň möhüm taryhy pursatlaryndan biri şu galada bolup geçdi. 1474-nji ýylyň 13-nji dekabrynda, Isabel I Kastiliýanyň Şa Zenany diýlip şu galadan yglan edilipdir. Bu waka Ispaniýanyň birleşmegine we Kristofer Kolumbyň Amerikany açmak üçin maliýe goldawynyň berilmegine ýol açdy. Kolumb bilen bagly pul serişdeleriniň, şol sanda gymmatbaha daşlaryň, galanyň ýörite diňinde saklanandygy aýdylýar.

​ Taryhda Alcázar patyşalyk köşkünden başga-da dürli maksatlar üçin ulanylypdyr. Ol döwlet türmesi bolup hyzmat edipdir we 1762-nji ýylda Karl III patyşanyň döwründe Şa Artilleriýa Kolleji (Topçular Mekdebi) döredilipdir. Ol şu günki güne çenli esasan harby maksatlar bilen baglydyr.1862-nji ýylda galada güýçli ýangyn bolup, onuň iň ýokarky bölegine we bezegleriniň köpüsine zyýan ýetiripdir. Häzirki wagtda galanyň içki bezegleriniň köpüsi, şol ýangyndan soňky dikeldilen nusgalardyr.Alcázar de Segovia, Segowia şäheriniň köne bölegi bilen birlikde, 1985-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Mirasy sanawyna girizildi.

Kuwadowa Aýbölek

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 105-nji toparynyň talyby